Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB has köp sanksiýalary girizýär


Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainadaky krizis bilen baglanyşykly bank hasaplary doňdurylyp, syýahat gadagançylyklary girizilen adamlaryň sanawyna ýene-de 11 adamyň adyny goşjakdygy habar berilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň diplomatik çeşmeleriniň 9-njy iýulda beren maglumatyna görä, bu karar şu hepdäniň ahyryna çenli güýje girer. Gürrüňi gidýän sanawa täze goşulan adamlaryň ady öňümizdäki günlerde Ýewropa Bileleşiginiň resmi neşirinde çap ediler.

Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegine ýa-da Ukrainanyň gündogaryndaky separatist gozgalaňlara gatnaşmakda eýýäm iki kompaniýa we 61 adama garşy syýahat gadagançylyklaryny girizip, bank hasaplaryny doňdurypdy.

9-njy iýulda fransuz prezidenti Fransua Olland (Francois Hollande) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde Ukrainanyň Günbatar tarapyndan goldanylýan prezidenti Petro Poroşenko syýasy çözgütlere tarap hereket etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG