Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Ukrain ofiseri barada kakar çykdy


Russiýanyň sudy tussag edilen ukrain harby ofiserini 30-njy awgusta çenli deslapky tussaghanada saklamak barada karar çykardy.

Woronež regional suduň resmileri bu kararyň 2-nji iýulda çykarylandygyny, ýöne onuň 10-njy iýulda yglan edilendigini mälim etdiler.

Russiýanyň Derňew komiteti özüniň 9-njy iýulda beren maglumatynda Nadiýa Sawçenkonyň Russiýada iki rus žurnalistiniň öldürilmegine gatnaşmakda güman edilip, aýyplanýandygyny belledi. Sawçenko Ukrainanyň howa güýçleriniň ýokary derejeli leýtenantydyr.

Russiýanyň döwlet telewideniýesinden we radio kompaniýasyndan iki žurnalist – Igor Kornelýuk we Wiktor Denisow geçen aý Ukrainanyň armiýasynyň Russiýa tarapdary separatistlere garşy hüjümleri barada maglumat taýýarlanýan mahaly Ukrainanyň Lugansk şäheriniň golaýynda öldürildiler.

Ukrainanyň Daşary işler ministtrligi özüniň 8-nji iýulda ýaýradan beýanatynda Sawçenkonyň Ukrainadaky Russiýa tarapdary separatistler tarapyndan tutulandygyny we “bikanun görnüşde Russiýa tabşyrylandygyny” habar berdi.

Russiýanyň Derňew komiteti bolsa, Sawçenkonyň Russiýanyň territoriýasynda tussag edilendigini nygtaýar.

XS
SM
MD
LG