Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: “Talybanyň” komandiri öldürildi


Owganystanyň resmileri ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynda “Talyban” hereketiniň ýerli komandiriniň öldürilendigini habar berýärler.

Badahşan welaýat häkimliginiň metbugat wekili Abdul Nawid Frotan (Abdul Naweed Froutan) özüniň 10-njy iýulda beren maglumatynda Kair Fasih-u-diniň (Qari Fasih-u-din) 9-njy iýulda Juram etrabyndaky çaknyşyklarda öldürilendigini aýtdy.

Frotanyň sözlerine görä, bu çaknyşyklarda başga-da dört “Talyban” söweşijisi we dört owgan esgeri ýaralanypdyr.

Fasih-u-din “Talybanyň” Badahşan welaýatyndaky resmi bolmadyk häkimidi we onuň 6-njy iýulda bolan çaknyşyklarda ýaralanandygy habar berlipdi.

Bu çaknyşyklar “Talyban” we beýleki söweşijiler Owganystanyň ençeme territoriýasyndaky howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümlerini artdyran mahaly bolup geçýär. Birleşen Ştatlar we ýaran güýçler 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Owganystany terk etmegi planlaşdyrýarlar. Bu wakanyň öň ýanynda “Talyban” we beýleki söweşijiler ýurduň esasy gatnaw ýollarynyň we beýleki territoriýalarynyň kontrollygyny ele salmaga synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG