Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-täjik araçäginde bir adam öldi


Gyrgyz-täjik araçäginde bolan ok atyşykda asly täjigistanly bir adam öldi we başga-da birnäçesi ýaralandy.

Täjigistanyň Isfara etrabyndaky Içeri işler departamentiniň resmisi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda 10-njy iýulda gyrgyz serhet gullukçysynyň Täjigistanyň Gyrgyzystanda ýerleşýän Woruh enklawyndaky ýerli ýaşaýja ot açyp, ony öldürendigini aýtdy.

Ýerli lukman Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ok atyşyklarda bir adamyň öldürilendigini we başga-da azyndan ýedisiniň ýaralanandygyny tassyklady.

Täjigistanyň demirgazygyndaky Sugd region häkiminiň orunbasary Jumaboý Sanginew (Jumaboi Sanginov) özünde hiç bir maglumatyň ýokdugyny aýdyp, bu barada gürrüň etmekden saklandy.

Gyrgyz hökümetiniň ýurduň Batken regionyndaky wekili Jeniş Razzakow (Jenish Razzakov) wakanyň derňelýändigini aýtdy.

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda Woruh enklawynyň töweregindäki serhet dawalary bilen baglanyşykly ençeme aý bäri dartgynlylyklar dowam edýär.

XS
SM
MD
LG