Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Owgan saýlawlary babatynda aladalanma bildirdi


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Owganystanda saýlaw prosesine bolan ynamyň dikeldilmegi babatynda Waşingtonyň “iňňän uly aladalanma bildirýändigini” aýtdy.

Pekine eden saparynyň dowamynda žurnalistlere beren maglumatynda Kerri Owganystanda prezidentlige dalaş edýän iki kandidat hem häzirki kynçylykly pursatda ýurdy dolandyryp biljekdigini we liderligini görkezmeli diýdi.

Şeýle-de, ol owgan saýlawlary babatynda Birleşen Ştatlar öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda öňe gidişlik üçin çözgütler tapylar diýip “gaty köp” umyt edýär diýdi we owgan kandidatlarynyň öz tarapdarlarynyň arasynda hantamalary artdyrmaly däldigini belledi.

Owganystanda prezidentlige dalaş edýän kandidatlar Abdullah Abdullah we Aşraf Ganiniň ikisi hem saýlawlarda ýeňiş gazanandyklaryny öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG