Sepleriň elýeterliligi

Mihail Sinelnikow: Türkmen klassikasy poeziýada hadysa


Türkmen klassikleriniň kitaplary

Türkmen klassikleriniň kitaplary

Türkmen edebiýaty daşary ýurtlarda näme bilen tanalýar? Soňky ýyllarda halkara kitap sergilerinde Türkmenistana degişli bölümlere syn edilende, ýurtda diňe ýurduň birinji we ikinji prezidentleriniň awtorlygynda we olaryň maşgala agzalary barada çap bolan esergeleriň, käwagt ertekiler ýaly käbir milli temaly kitaplaryň çap bolýandygy barada pikir döreýär. Şol bir wagtda-da türkmen edebiýatynyň halkara edebiýatynda-da öz orny, öz gymmatlygy bar.

Azatlyk Radiosy türkmen edebiýatynyň orsýet edebiýatynda galdyryan yzy barada gürrüň bermegi orsýetli ýazyjy Mihail Sinelnikowdan sorady. Mihail Isaakowiç Sinelnikow ýewropa, uzak gündogar, kawkaz, pars we orta aziýa poeziýasynyň terjimeçisi we türkmen we azerbaýjan poeziýasynyň düzüjiçidir.

Azatlyk Radiosy: Siz üçin türkmen edebiýaty näme, ýa-da siz ol hakynda näme aýdyp biljek?

Mihail Sinelnikow

Mihail Sinelnikow

Mihail Sinelnikow: Birinjiden, ol örän baý, köp dürli edebiýat. Türkmenleriň haýran galarlyk derejedäki halk döredijiligi bar. Meni olaryň nakyllarynyň parasatlylygy aňk edýär. Ýesir edýän ertekileri bar. Elbetde, eposlary hem bar. Emma, bilýäňizmi näme, haýsydyr bir ýurduň halk dördijiligini aýratyn gowy görüp bolar. Ýöne hemme halkyň özüne mahsus ajaýyp folklory bolýar. Şol bir wagtda beýik awtorlar poeziýasy hemmelere berlen däl.

Elbetde, Türkmenistanyň beýik awtorlar poeziýasy bar. Türkmen klassykasy, elbetde, dünýä poeziýasynda bir hadysa bolup durýar. Asyrlar türkmen halkyna birnäçe görnükli ussady berdi.

Olaryň arasynda ilkinji nobatda Magtymgulynyň adyny agzamaly. Ol öň bir zamanlarda doglan beýik şahyrlaryň biri we rus diline edilen terjimelerinde hem şeýle bolup görünýär. Men Arseniý Tarkowskiniň Magtymgulydan eden terjimelerine ýokary baha berýärin, şu sebäpden men ol goşgulara irki ýyllardan bäri uly gadyr goýýaryn.

Ýaşlyk ýyllarymda men Tarkowskä ýakyn durdum, has dogrusy soňuna çenli onuň bilen ýakyn gatnaşykda boldum. Ýaşlyk ýyllarymda ol Magtymgulyny terjime edişi, türkmen durmuşynyň jikme-jikleri hakynda köp gürrüň berdi we şondan hem meniň gyzyklanmam güýçlendi.

Şu sebäpden men şu günki gün hem türkmen poeziýasynda bolýan zatlary gyzyklanma bilen yzarlaýaryn we bilmäge çalyşýaryn. Ýöne, elbetde, häzir ol öňki beýik döwür bilen deňeşdirer ýaly däl. Emma men şeýle ussatlary berip bilen edebiýat çüprär ýa gurap galar öýdüp pikir etmeýärin.

Azatlyk Radiosy: Eger türkmen edebiýatynyň şu günki ýagdaýyna gelsek, häzirki zaman edebiýaty izolýasiýada, daşarky dünýäden üzňelikde, ýa-da açyklyk, gatnaşyk ýeterlik bolamasa, uly ösüş gazanyp, ýaýbaňlanyp bilermi?

Mihail Sinelnikow: Bilýäňizmi näme, izolýasiýa pursatlary adatça beýle bir uzak bolup bilmeýär. Meniňçe, bu näme-de bolsa wagtlaýyn bir zat bolýar. Elbetde, gatnaşyklar peýdaly bolýar. Gatnaşyklaryň bolmazlygy, belki-de, zyýanly bolup biler, bu dogry.

Ýöne biziň ozalky uly watanymyz, Sowet Soýuzy hem onýyllyklar dowamynda demir tutynyň arkasynda boldy. Emma onda ajaýyp edebi eserler döredildi. Elbetde, ikinji tarapdan, bu döwrüň ýazyjylara aňsat düşmändigi, agyr bolandygy düşnükli. Mandelştamyň, Bulgakowyň, Babeliň we beýlekileriň ykballary muňa anyk mysal. Emma ajaýyp edebi eserler döredildi we ol eserler hut şol izolýasiýa şertlerinde döredildi. Özem ol şertler barha erbetleşdirildi, hatda islendik daşary ýurtly bilen gatnaşyk gurmagyň jenaýat hasaplanan wagtlary boldy.

Bu sowet adamlarynyň umumy ykbalydy, bilelikde garşylan kysmaty bolupdy. Men bu hili zatlar indi Orsýet üçin geçmiş bolandyr diýip umyt edýärin. Umuman alnanda bolsa, elbetde, izolýasiýa medeniýete ýardam etmeýär.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, şu günki günde türkmen edebiýatynda ozalky döwür bilen deňeşdirilende nämeler bar we nämeler ýok?

Mihail Sinelnikow: Bilýäňizmi näme, her näme diýilse-de, men şu günki Türkmenistandaky ýagdaýlary ýeterlik göz öňüne getirip bilmeýärin. Şol bir wagtda men ýurduň izolýasiýasyny duýýaryn, muny duýmaz ýaly däl. Emma ol ýere dürli edebi delegasiýalar gidýär, düýpden gatnaşyk ýok diýsek, dogry bolmaz.

Arseniý Tarkowskiý

Arseniý Tarkowskiý

Ýöne ozallar gatnaşyk gowudy, hatda doganlyk gatnaşyklary bardy.
Aýdaly, Tarkowskiý, ol Keminäniň goşgularyny, Türkmenistana gidip, uruşdan ozal rusça geçirdi. Soň bolsa, Beýik Watançylyk Urşundan maýyp bolup gelip, Berdi Kerbabaýew bilen dostlaşdy. Şeýdibem Magtymgulyny terjime etmek pikiri döredi. Bu onuň genial işi boldy.

Eger dogrusyny aýtsak, Magtymguly, Seýdi, Kemine, Mollanepes, Zelili ýaly gadym döwrüň şahyrlary nämä mätäçdi? Umuman alnanda, olar hiç zada mätäç däldi. Olaryň okyjylary bardy. Olar halkyň sesidi, Türkmenistanyň sesidi.

Magtymguly hem özüni halkyň sözi hasaplapdy. Şu hem iň esasy zatdy. Elbetde, Magtymguly hiç wagt özüniň ýadyna-oýuna düşmeýän dillerine terjime edilerin diýip pikir eden däldir. Ýöne şeýle iş edildi.

Haçanda poliglot, beýik syýahatçy Wamberi derwüş eşigini geýip, Türkmenistana baranda, ol ýerde aýdylýan aýdymlary diňläp, haýran galypdyr. Soň ol bu habary Ýewropa getirdi. Arseniý Tarkowskiý bolsa ol goşgulary bize elýeterli etdi. Tarkowskiý Orsýetde örän sylanýan şahyr, onsoň onuň janköýerleri Magtymgulynyň hem janköýerine öwrüldi.

Dogry, zamana özgerdi. Hakykatdanam kesekileşmek, daşlaşmak pursatlary bolup geçdi we men häzir köp zatlardan habarsyz. Şol bir wagtda ol ýerde meniň käbir dostlarymyň ýaşap ýörendigini bilýärin.

Golaýda Orsýetiň Türkmenistandaky ilçisiniň ýatlamalary kitap bolup çykdy. Şol kitapdan men sowet döwründen tanaýan, eserlereini bilýän ýazyjy-şahyrlarymyň köpüsiniň tanymal bolandygyny bildim. Ýöne dogry, öňki ýyllardaky tanyşlyk esasynda doly, yzygiderli gatnaşykdan kesildik. Elbetde, men bu ýerde arassa edebi gatnaşyk barada aýdýaryn.

XS
SM
MD
LG