Sepleriň elýeterliligi

ABŞ owgan krizisi barada alada bildirdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Owganystanda saýlaw prosesine bolan ynamyň dikeldilmegi babatynda Waşingtonyň “iňňän uly aladalanma bildirýändigini” aýtdy.

Pekine eden sapary barada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Kerri Owganystanyň prezidentlik wezipesine dalaş edýän bäsdeş kandidatlaryň ikisiniň-de özleriniň döwleti dolandyrmaga ukybyny we liderligini aýgytly ýagdaýda görkezmelidiklerini belledi.

Kerri 10-njy iýulda eden çykyşynda: “Biz dalaşgärleriň ikisini-de öz tarapdarlarynyň garaşmak duýgularyna meçew bermekden saklanmaga we ýurduň barlamak hem hasaplamak proseslerine köpçülikleýin hormat bildirmäge we Owganystan mätäç bolan pursatynda aýgytly dolandyryjylyk we liderlik häsiýetlerini görkezmäge çagyrýarys” diýdi.

Prezidentlige dalaşgärleriň ikisi-de Abdylla Abdylla we Aşraf Ghani saýlawlarda özleriniň ýeňiş gazanandygyny yglan etdiler.

Abdylla 7-nji iýulda yglan edilen we Ghaniniň ýeňendigini görkezýän ilkinji netijeleriň galplyga ýugrulandygyny we Ghaniniň peýdasyna berildi diýilýän sesleriň 1 million çemesiniň galpdygyny aýdýar.

Ghani ilkinji netijeleriň ynanarlyklydygyny aýdýar.

Jon Kerri dalaşgärleriň ikisi bilen hem 11-nji iýulda Kabulda duşuşmagy planlaşdyrýar.

ABŞ-nyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili James Dobbins Owganystanyň gapma-garşy dalaşgärleriniň ýurduň dargamagynyň öňüni almak üçin koalisiýa döretmelidigini belledi.

“Bloomberg” täzelikler gullugy, Dobbinse salgylanyp, ýeňen tarapyň bar zada eýe bolmagyny göz öňünde tutýan sistemanyň Owganystanda işlemeýändigini belledi. Maglumata görä, milli bütewülik hökümetiniň ähli elementleri öz içine almagy, biziň pikrimize görä, üstünlikli hökümet üçin zerurlykdyr” diýip, Dobbins aýtdy.

James Dobbinsiň bu beýannamasy Owganystanyň prezidenti wezipesine dalaşgärler Abdylla Abdyllanyň we Aşraf Ghaniniň arasynda saýlawlaryň deslapky netijeleriniň üstündäki gapma-garşylyklar tutaşyp ugranda edildi.

XS
SM
MD
LG