Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Krizis Abdyllanyň täsirini artdyrýar


Owganystanyň prezidenti wezipesine dalaşgär Abdylla Abdylla, Kabul, 8-nji iýul, 2014

Owganystanyň prezidenti wezipesine dalaşgär Abdylla Abdylla, Kabul, 8-nji iýul, 2014

Owganystanyň prezidenti wezipesine dalaşgär Abdylla Abdyllanyň taradarlarynyň geçen aýda bolan saýlawlaryň netijelerine bildirýän gahar-gazabyna kembaha garamaga esas ýok. Emma onuň krizisiň dowam eden ýagdaýynda garşylyk görkezmek üçin güýji näçe wagta ýeter?

Abdylla Abdyllanyň gahar-gazaba münen tarapdarlary saýlawlaryň ilkinji netijelerini “döwlet agdarylyşygy” diýip atlandyrýarka, olaryň garşydaşy, dalaşgär Aşraf Ghaniniň düzjek bolýan hökümetini kabul etmän, öz hökümetini düzjekdigi baradaky haýbatyna çynlakaý seretmäge esas bar.

Bu Abdyllanyň güýçli bileleşigiň agzasydygy we alternatiw hökümet döretmek üçin syýasy we harby mümkinçiliginiň bardygy bilen bagly.

Abdyllanyň Kabuldaky hökümetiň ýerine geçmekçidigi, ýogsa-da separatist bir regiona ýolbaşçylyk etmek isleýändigi özara gepleşikleriň netijesiniň näbellilik bilen tamamlanmagy zerarly köpçülige mälim edilmedi.

Abdyllanyň daýanýan syýasy güýçleri ”Demirgazyk alýansdan” galan toparyň bir bölegi bolup durýar. Täjigistanda ýerleşen bu gurama “Talyban” Kabuly eýelänsoň, 1996-njy ýylda demirgazyk Owganystany goramaka üçin döredilipdi. Abdylla Abdylla ”Demirgazyk alýnsyň” soňky daşary işler ministri bolupdy we onuň iň meşhur lideri Ahmad Şah Masudyň ýakyn dostudy. Masud 2001-nji ýylyň sentýabrynda ABŞ-da bolan terrorçylykly hüjümleriň öňüsyrasynda janyna kast edilip öldürilipdi.

ABŞ 2001-nji ýylyň aýagynda “Talybana” zarba uransoň, ”Demirgazyk alýans” Kabula geçip, Owganystanyň döwlet howpsuzlyk güýçlerinde möhüm orny eýeläpdi. Analitikler 13 ýyldan soň howpsuzlyk güýçleriniň düzümi giňeldilen hem bolsa, öňki ”Demirgazyk alýansyň” käbir toparlarynyň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

“Demirgazyk alýans” harby we syýasy güýçleriň düzüminde özi üçin ilkibaşdan binýat döretdi, onuň esgerleriniň köpüsi bu gurama aralaşdy diýip, Norwegiýanyň Bergen şäheriniň Mahelsen institutynyň barlaglar boýunça müdiri Arne Strand aýtdy.

Analitikleriň aýtmagyna görä, ”Demirgazyk alýans” köp sanly täze syýasy patiýalara we resmi bolmadyk guramlara bölündi, emma täze toparlar öz tarapdarlaryny, şol sanda öňki esgerleri öz düzüminde saklap galdy.

“Dirileriň arasynda gowy adam ýok: Amerika, ”Talyban” we urşa owganlaryň gözünden syn” atly kitabyň awtory we Waşingtonda ýerleşýän täze amerikan fondunyň wekili Anand Gopal bu guramalaryň Abdyllanyň güýjüni artdyrýandygyny aýdýar.

“Onuň belki iň güýçli gurama daýanýan bolmagy mümkin we ol Mazary-Şeribiň häkimi Atta Muhammed Nur bilen we Içeri işler ministrliginden hem-de demirgazykdaky ownuk söweşiji toparlardan bolan dürli adamlar bilen bilelikdedir” diýip, Gopal aýdýar.

Abdylla bilen gatnaşykda bolan ýene bir täsirli topar öňki wise-prezident Muhammed Fahimiň toparydyr, onuň hem köp sanly söweşijileri bar, şol sanda demirgazykdaky Gunduz ýaly welaýatlarda.

Owganystanda dörän häzirki saýlaw krizisine degişli howatyrlanmalar etntiki dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen bagly.

Abdylla esasan Owganystandaky azlyklaryň iň uly toparyny emele getirýän täjiklere daýanýan bolsa, Ghani puştunlaryň arasynda goldanýar.

Abdylla prezidentlige dalaşgär hökmünde 2009-njy ýylyň saýlawlaryna hem gatnşypdy. Emma ikinji tapgyrdan çekilipdi we munuň sebäbini köpçülikleýin galplyklar bilen düşündiripdi.

Şu ýylyň prezidentlik saýlawlarynyň ilkinji netijleri 7-nji iýulda yglan edilen badyna Abdyllanyň taradarlarynyň gahar-gazabynyň uzaga çekjegi mälim boldy.

Abdylla 7-nji iýulda Kabulda öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edende, onuň tarapdarlary prezident Hamid Karzaýyň portretini ýere taşladylar we onuň ýerine Abdyllanyň portretini dikdiler.

Mundan başga-da Abdyllanyň tarapdarlarynyň ýene bir topary Kabulyň halkara aeroportynda hem Karzaýyň suratyny ýere zyňdylar.

Abdylla saýlawlaryň deslapky netijeleriniň döreden gahar-gazabyny köşeşdirmäge çalyşdy we “biz Owganystanyň bölünmegini islemeýäris, biz milli bütewüligi we abraýy saklamak isleýäris” diýdi.

Emma ol şeýle-de özüniň ýeňendigini we “galp netijeleri şu günem, ertirem, hiç wagtda-da kabul etmejegini aýtdy.

Analitikleriň ençemesi saýlawlaryň netijeleriniň daşyndaky gahar-gazabyň ýurdy dargatmak ýa-da 1992-1996-njy ýyllaryň aralygynda bolan urşuň Owganystana ýetiren zyýanyny güýçlendirmek howpuny döredýän hem bolsa krizisiň şeýle derejelere baryp ýetmejegini çak edýärler. Owganystanyň syýasy krizisinde rol oýnaýan ähli taraplaryň ABŞ-nyň kömegine bil baglamagy munuň esasy sebäbidir.

“Owgansytanyň syýasy synplarynda ähli adamlar Abdylla, Ghani hem beýlekiler ABŞ-dan milliardlarça dollar möçberde gelýän kömegiň dürli görnüşlerine daýanýarlar. ABŞ-nyň sarp edýän pullary owgan goşunyny, owgan hökümetini goldaýar diýip, Gopal gürrüň berýär.

Waşington bu guralyny Owganystandaky dartgynlylygy gowşatmak üçin ulandy. Ak tamyň çap eden beýannamasynda, krizisde “konstitusiýa laýyk gelmedik zorluklara” ýol berlen ýagdaýynda ABŞ-nyň öz kömegini kesjekdigini duýdurdy. Galyberse-de, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 9-njy iýulda Aşraf Ghanä we 8-nji iýulda Abdylla Abdylla jaň etdi.

Şeýle ýagdaýda şu hepdede dörän krizis Owganystanda ýurduň dargamak howpunyň döremegine däl-de, taraplaryň iksini-de kanagatlandyryp biljek hökümeti düzmek ugrunda gepleşikleriň başlanmagyna itergi bermegi mümkin.

Bu nukdaýnazardan bolsa Abdyllanyň tarapdarlarynyň gahar-gazaby öz dalaşgärleriniň Ghani bilen gepleşiklerde agramyny artrdyryp biler.

Emma analitikler gepleşikler üçin wagtyň azdygyny aýdýarlar.

“Bu ýerde mesele örän wajyp we bu prosesiň uzaga çekmegine häzirki prezidetiň saýlanmagy bilen baglanyşykly 2009-njy ýylyň dawaly saýlawlarynda bolşy ýaly ýagdaýa ýol bermäge mümkiçilik ýok” diýip, ABŞ-nyň Waşingtonda ýerleşýän parahatçylyk boýunça institutyndan Adrew Wilder aýtdy.

XS
SM
MD
LG