Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Deňiz dogrudanam däli eken


Deňziň tolkuny.

Deňziň tolkuny.

Ýalançy palman

Biri 14-15 ýaşly işşekjer jahyl wagty täleýine garadyp, pal atdyrýar. Palçy (palman) “Sen geljekde ähli gazanjyňy aýal-gyzlara harç edersiň” diýýär. Aradan 20-25 ýyl geçýär. Pal atdyran özüne pal atan, kempire dönen aýala tötänlikde sataşýar. Ol:

-Ýadyňa düşýärmi, mundan kän ýyl ozal maňa pal atyp “Sen ähli gazanjyňy aýal-gyzlara harç edersiň” diýdiň. Gül ýaly maşgalam bar. Ähli gazanjymy aýalyma hem-de üç gyzyma harç edýän. Pal atyp, adamlary aldap, galp gazanç edýän ekeniň- diýip igenipdir.

Toý dony

Biri toýa gitmekçi bolýar. Äriniň üst-başyna syn eden aýaly “Ilimizde “Toýa barsaň doýup bar, toý donuňy geýip bar” diýen paýhas bar. Egniňdäki adaty iş eşikleriňi çykar. Toýa toý eşikleriňi geýip git! Bäş ýaşly çaga akyl öwreden ýaly, mydama saňa akyl öwretmeli” diýip igenýär. Äri yzyna dönüp, toý eşigini geýip, aýalynyň oturan otagyna gelýär. Özüne timar berip çykan äriniň üst-başyny synlan aýalynyň kalbynda gabanç, müňkürlik ody alawlaýar. Ol:

-Sen toýa däl-de, özüňe gaş kakýan gelin bilen duşuşyga barýan bolmaly. Şeýle bolmasa, beýle bezenip-beslenmezdiň. Toýa barýanyň çyn bolsa, il ýaly sypaýy geýin- diýip, goh edipdir.

Däli deňiz

Zähmet rugsadynda aýaly bilen deňiz ýakasynda dynç alan işe çykýar. Işdeş ýoldaşlary dynç alşyň nähili-niçiksi geçendigi bilen gyzyklanýar. Dynç alyp gelen:

-Şahyrlaryň goşgusynda deňze “Däli” diýşi dogry eken. Günlerde bir gün deňiz tolkuny aýalymy holtumyna alyp gitdi. “Aýalym gark boldy” diýip, wagtyndan has ir begenen ekenim. Ikinji tolkun deňiziň dälidigine güwä geçip, aýalymy suw ýüzüne alyp çykdy. Ol diri- diýip, gussaly dillenipdir.

Dawagär

Biri awtoulagy bilen nagymdan (tunnelden) çykan dessine köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa inspektory saklap “Tunnelde çyra ýakmadyň. Jerime tölemeli bolarsyň” diýip, protokol ýazmaga başlaýar. Awtoulagyň sürüjisi:

-Ol ýerde tunneldäki çyrany ýakyp-öçürýän düwmäniň ýerleşýän ýerini görkezýan çyzgy ýok. Ilki öz etmeli işiňizi berjaý edip, tunneliň çyrasyny ýakmalydygy hakda ýazgy ýazyň, düwmäniň nirdedigini görkezýän çyzgy çyzyň, soňra bizden çyra ýakmagy talap ediň! Umuman, menden bäş manat ýonjak bolup yrs aramagyňy bes et. Bolmasa, ýolbaşçyňyza arz ederin. Tapdyň keçe telpek türkmeni- diýip, onuň üstüne sürnüpdir.

Il içinden çöplän, taraşlan Amanmyrat Bugaýew

XS
SM
MD
LG