Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Dört harby, bäş magdançy öldi


Ukrain hökümeti Russiýa tarapdary separatistlere garşy hüjümlerini dowam etdirýän mahaly, ýurduň gündogarynda azyndan dört ukrain harbysynyň we bäş daş kömür magdançysynyň öldürilendigi habar berilýär.

Magdançylar awtobusda sapar edýän mahaly, olaryň ulagy minomýot zarbasyna sezewar bolupdyr. Ukrainanyň Russiýa bilen serhediniň golaýynda hem, bronly harby ulagyň ýer minasynyň üstünden barmagy netijesinde iki esger we azyndan bir serhet gullukçysy öldi. Ýene bir esger Donetsk regionynyň Karlowka etrapçasynyň golaýynda bolan wakada öldürildi.

Ukrain armiýasynyň metbugat wekili Wladislaw Seležnýow hökümetiň amala aşyran howa zarbalary netijesinde soňky birnäçe günüň dowamynda azyndan 50 separatist söweşiji öldürildi diýdi.

Bu aralykda, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri Fransua Olland (Francois Hollande) we kansler Angela Merkel Ukrainadaky krizisi 10-njy iýulda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen maslahat etdiler.

XS
SM
MD
LG