Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl hüjümlerini dowam etdirýär


Ysraýyl Palestina enklawyna garşy deňiz we howa zarbalaryny amala aşyrmak arkaly Gaza zolagyna garşy hüjümlerini dört gün bäri dowam etdirýär. Bu hüjümler “Hamas” söweşiji topary ýewreý döwletine garşy has köp raketalary uçurýan mahaly bolup geçýär.

Rafah şäherindäki Yslamçy jyhad söweşijisiniň öýüne edilen hüjümde bäş palestinaly öldürildi. Häzire çenli amala aşyrylan hüjümlerde aglabasy parahat ilatyň ýaşaýjylaryndan ybarat azyndan 82 palestinaly öldürildi.

Palestinalylaryň sözlerine görä, Ysraýylyň deňiz güýçleri Gaza şäherindäki howpsuzlyk desgasyna hem ot açypdyrlar.

Şeýle-de, 11-nji iýulda Liwandan atylan iki raketa Ysraýylyň demirgazygyna baryp düşdi. Munuň netijesinde Ysraýyl öz serhedinden Liwana artilleriýa toplary bilen gaýtawul berdi. Liwan tarapyndan atylan raketa hüjümleriniň kim tarapyndan amala aşyrylandygy henize çenli nämälimdigine galýar.

XS
SM
MD
LG