Sepleriň elýeterliligi

Täjik-gyrgyz: Derňewler bilelikde geçiriler


Täjik-gyrgyz araçägindäki konfliktleri çözmek barada iki ýurduň arasyndaky gepleşikler Täjigistanyň demirgazyk etrapçasy Kaýrakkumda täzeden geçirildi.
Täjigistanyň premýer-ministriniň orunbasary Murodali Alimardon we onuň gyrgyz kärdeşi Abdyrahman Mamataliýew Täjigistanyň Gyrgyzystanyň territoriýasyndaky Woruh enklawynyň golaýynda bolan ýowuzlyklary bilelikdäki täjik-gyrgyz komissiýasynyň derňemegi barasynda ylalaşyga geldiler.

10-njy iýulda täjik-gyrgyz araçäginde asly täjigistanly bir adamyň öldürilmegine we başga-da ýedisiniň, şol sanda iki serhet gullukçysynyň ýaralanmagyna sebäp bolan wakany başlatmakda iki tarap hem birek-biregini aýypladylar.

Çaknyşyklardan gysga wagt soň, gyrgyz tarapy täjik serhet gullukçylarynyň wakadan soň, Gyrgyzystanyň territoriýasyna tarap minomýotlary we granatlary atandygyny öňe sürüpdiler.

Gyrgyz resmileri wakada bir serhet gullukçysynyň ýaralanandygyny we keselhana ýerleşdirilendigini aýtdylar.

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda Woruh enklawynyň töweregindäki serhet dawalary bilen baglanyşykly ençeme aý bäri dartgynlylyklar dowam edýär.

XS
SM
MD
LG