Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dawutoglu Daşkende sapar edýär


Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Özbegistana üç günlük resmi saparyna başlady. Bu sapar Türkiýäniň daşary işler ministri derejesinde 13 ýylyň dowamynda ilkinji gezek amala aşyrylýar.

Ankaradan Daşkende gitmezden öň, ýaýradan beýanatynda Dawutoglu “düşünişmezlik” sebäpli 2006-njy ýyldan bäri türk-özbek gatnaşyklarynda säginme bolupdy, emma häzirki wagt gatnaşyklary saklamak üçin iki ýurt hem diplomatik gatnaşyklary täzelemäge synanyşýar diýdi.

10-njy iýulda, ýagny saparyň birinji gününde Dawutoglu we onuň özbek kärdeşi Abdulaziz Kamilow ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de regional we halkara howpsuzlyk meselelerini maslahat etdiler.

Şeýle-de saparyň dowamynda Dawutoglunyň özbek prezidenti Yslam Karimow bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG