Sepleriň elýeterliligi

AI: Ukrainada alnyp gaçylmalar artýar


Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy soňky üç aýyň dowamynda Ukrainanyň gündogarynda ýüzlerçe adamyň alnyp gaçylandygyny we olaryň aglabasynyň gynamalara sezewar bolandygyny aýdýar. Gurama öz maglumatynda adamlaryň aglabasynyň Russiýa tarapdary separatistler tarapyndan alnyp gaçylandygyny belleýär.

“Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Denis Kriwoşew 11-nji iýulda beren maglumatynda “alnyp gaçylmalaryň aglabasy ýaragly separatistler tarapyndan amala aşyrylyp, pida bolan adamlar urlup-ýenjilmelere we gynamalara sezewar bolýar” diýdi.

Kriwoşew Kiýew tarapdary güýçler tarapyndan hukuk bozulmalaryň amala aşyrylýandygyny görkezýän uly bolmadyk delilleriň hem barydygyny belledi.

Adam hukuklaryny goraýan halkara gurama alnyp gaçylan adamlaryň sany barada giňişleýin we ygtybarly maglumatlaryň ýokdugyny aýtdy, ýöne Ukrainanyň Içeri işler ministrligi bolsa 2014-nji ýylyň aprel-iýun aýlary aralygynda adamlaryň alnyp gaçylmagy bilen bagly 500 wakanyň hasaba alnandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG