Sepleriň elýeterliligi

Içerde utýan, daşarda utulýan futbolçylar


Türkmenistanlylar öz futbolçylarynyň üstünliklerinden köplenç bihabar.

Türkmenistanlylar öz futbolçylarynyň üstünliklerinden köplenç bihabar.

Eger-de türkmenistanlylardan Messi, Ronaldo kim diýip sorasaň, hatda futbol janköýerleri bolmadyk ildeşlerimiziň hem köpüsiniň iň bolmanda “olaryň atlaryny bir ýerde eşidipdim” diýip jogap berjekleri az däldir.

Emma Çaryýar Muhadow kim bolupdyr diýip sorasaň, hatda futbol janköýerleriňem jogap bermän ýaýdanjaklary köp bolsa gerek. Ýogsa, Çaryýar Muhadow Türkmenistanyň milli ýygyndy komandasynyň taryhynda iň gowy hüjümçileriniň biri hasaplanýar. Ol ýygyndy komandanyň düzüminde 1992-99-njy ýyllar aralygynda 13 gol geçiripdi.

Bu ýagdaý türkmen futbolunyň häzirki hal-ýagdaýyny suratlandyrýan mysallaryň diňe biri. Türkmenistanlylar öz futbolçylarynyň atlaryny bilmeýişleri ýaly olaryň üstünliklerinden hem köplenç bihabar. Çünki türkmen futbolçylarynyň üstünlikli çykyş eden halkara ýaryşlary ýok diýen ýaly.

Bu aralykda resmi metbugatda türkmen futbolynyň ösüşdedigini mahabatlandyrmak üçin her ýyl ýurtda geçirilýän Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşda türkmen futbolçylarynyň gazanýan netijeleri mysal hökmünde getirilýär.1995-nji ýyldan bäri 19 gezek geçirilen bu halkara ýaryşda 16 gezek türkmen futbolçylary üstünlik gazandylar.

Halkara arenada...

Şol bir wagtda hem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara we regional ýaryşlarda türkmen futbolçylarynyň üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanan ýaryşlary örän az. Geçen ýyl Balkan komandasy Aziýa futbol konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny eýeledi diýäýmeseň, şondan başga türkmen futbolçylarynyň halkara ýaryşlarda uly üstünlige eýe bolan gezegi ýok.

Balkan komandasynyň gatnaşan bu ýaryşy Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň futbol klublary üçin gurnaýan ýaryşlarynyň arasynda iň pesi. Bu ýaryşdan derejesi boýunça ýokary futbol taýdan “ösen” komandalar üçin Aziýanyň çempionlar ligasy hem-de “ösüp barýan” komandalar üçin Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrunda ýaryşlar gurnalýar.

Şeýle-de Türkmenistanyň milli ýygyndy komandasy 2010-njy we 2012-nji ýyllarda Aziýa futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna hem çykyp bilipdi. Emma şonda biziňkiler iki gezegem Demirgazyk Koreýanyň futbolçylaryndan ýeňildi.

Şu ýyl geçirilen ýaryşda-da Türkmenistanyň milli ýygyndy komandasy üstünlikli çykyş edip bilmedi. Türkmen futbolçylary öz toparlarynda üçünji orny eýeläp, finala çykyp bilmän galdylar. Türkmenistanyň milli ýygyndy komandasy diňe öz toparyndaky iň soňky dördünji orny eýelän Laosyň komandasyny ýeňip bildi. Owganystanyň we Filippinleriň komandalaryndan degişlilikde 3-1 we 2-0 hasaby bilen ýeňildi.

Türkmenistanyň milli ýygyndy komandasy şu ýyl Braziliýada geçýän Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Aziýa konfederasiýasy tarapyndan geçirilen kwalifikasiýa ýaryşynda hem şowly çykyş etmedi. Türkmen futbolçylary indoneziýaly futbolçylar bilen birinji duşuşykda 1-1 hasap bilen deň oýnap, ikinji duşuşykda bolsa 3-4 hasap bilen ýeňildiler.

Ýoldaşlyk duşuşyklar

Şol bir wagtda hem Türkmenistanyň milli ýygyndy komandasy ýokarda agzalan ýaryşlardan başga halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda çykyş etmeýär. Hatda biziň komandamyzyň daşary ýurtlaryň milli ýygyndy komandalary bilen iň soňky gezek ýoldaşlyk duşuşyklaryny haçan geçirendigi janköýerleriňem köpüsiniň ýatlaryna düşmeýän bolsa gerek?

Türkmenistanyň milli ýygyndy komandasynyň ýoldaşlyk duşuşygy iň soňky gezek iki ýyl mundan ozal 2012-nji ýylda Rumyniýanyň komandasy bilen geçirilipdir. Emma şondan soň Türkmenistanyň milli ýygyndy komandasy bu hili duşuşyklary geçirmändir. Şol duşuşykda hem türkmen futbolçylary 4-0 hasaby bilen ýeňlipdiler.

Halkara futbol federasiýasynyň, FIFA nyň, milli ýygyndy komandalaryň 2014-nji ýylyň iyun aýyndaky reýtinginde 207 orunlyk reýting basgançagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy komandasy 143-nji oruny eýeleýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndy komandasy FIFA-nyň reýtinginde özi üçin iň gowy netijäni 10 ýyl mundan ozal görkezip, 2004-nji ýylyň aprel aýynda türkmen komandasy 204 orundan ybarat reýting şkalasynda 86-njy ýerde ýerleşdirilipdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndy komandasynyň häzirki tälimçisi Rahym Gurbanmämmedow. Ol 2013-nji ýylda Aziýa futbol konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny eýelän ýurduň ”Balkan” komandasynyň hem tälimçisi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG