Sepleriň elýeterliligi

Kerri Owganystana bardy


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) Owganystanda geçirilen prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşykly dörän krizisi çözmek maksady bilen gepleşikleri geçirmek üçin Kabula bardy.

11-nji iýulda Kerri Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşdy we günüň dowamynda ýurduň prezidentligine dalaş edýän kandidatlar Abdulla Abdulla we Aşraf Gani bilen gepleşikleri geçirdi.

Owgan saýlaw komissiýasynyň ýaýradan deslapky netijelerine görä, Gani sesleriň 56,44%-ni alypdyr, emma beýleki dalaşgär Abdulla bolsa, bu netijeleri ret edýär.

Bu aralykda, Abdullanyň saýlawlardaky ikinji kömekçisi Mohammad Mohakek (Mohammad Mohaqeq) krizis bilen baglanyşykly jedel çözülmedik halatynda bir ýyllyk geçiş hökümeti düzmäge çagyryş etdi.

11-nji iýulda “Bloomberg” habar websahypasynda çap bolan interwýusynda Mohakek Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň “üýtgedilmelidigini” we “ählihalk saýlawlarynyň gaýtadan geçirilmelidigini” belledi.

XS
SM
MD
LG