Sepleriň elýeterliligi

Jyhadçylaryň öňi baglanýar


"Yslam döwletiniň" agzalary bolmagy çak edilýär, Jihadçy media serişdesiniň 29-njy iýulda ýaýradan suraty.

"Yslam döwletiniň" agzalary bolmagy çak edilýär, Jihadçy media serişdesiniň 29-njy iýulda ýaýradan suraty.

Fransiýa terrorçylyga garşy çäreleri güýçlendirdi.

9-njy iýulda Fransiýanyň Içeri işler ministrliginiň öňe süren çäreleriniň arasynda yslamçylar bilen baglanyşygy bardyr öýdülip güman edilýän adamlaryň daşary ýurtlara syýahat etmegine ýarym ýyllyk gadagançylyk göz öňünde tutulýar. Hödürlenen çärelere görä, şeýle raýatlaryň daşary ýurtlara giden ýagdaýynda olar babatynda halkara gözlegi yglan ediler.

Ýakyn günlerde ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Siriýada we Yrakda söweşýän jyhadçylaryň ýewropa ýurtlarynyň pasportlaryna eýe bolmagy bilen bagly aladalanma bildirdi.

“Käbir ýewropalylaryň harby hereketlere gatnaşmak üçin Siriýa gidýändigini, indi olaryň şu maksat bilen Yraga-da gidip bilýändigini bilýäris. Soň olar öz ýurtlaryna dolanýarlar. Olarda ýewropa pasportlary bolansoň, olara ABŞ barmak üçin hem wiza gerek däl” diýip, Barak Obama 29-njy iýulda “ABС” agentligine aýtdy.

Halkara mediasyndaky maglumatlara görä, Siriýada we Yrakda yslamçy söweşijileriň hatarynda dürli ýurtlaryň raýatlary, şol sanda girip-çykmak üçin berk wiza režimi bolan ýurtlaryň-da, hususan-da Merkezi Aziýa regionynyň ýaşaýjylary-da söweşýärler.

Siriýadaky we Yrakdaky söweşler üçin Özbegistanda adam toplamak, hamana mümkin däl ýaly bolup görünýär. Bu mesele resmi derejede agzalmaýan hem bolsa, dinçilere berk gözegçilik edýän ýurduň häkimiýetleri potensial yslamçylaryň özlerine we olaryň maşgala agzalaryna dowamly basyş edýärler.

Jyhad ýoly

Şol bir wagtda-da Siriýada jyhadçylara goşulmak isleýän özbegistanlylaryň tranzit ýoly hökmünde öz ýurtlary üçin wizasyz gatnawly Orsýet we Türkiýe ýaly ýurtlary ulanýandygy aýdylýar.

Orsýetde ýaşaýan, adam hukuklaryny goraýjy özbek aktiwisti Bahrom Hamroýew Özbegistandan Orsýete baryp, soň Siriýa aşmak üçin Türkiýä giden azyndan 10 özbegistanlyny tanaýandygyny aýtdy.

17 ýaşly Halima üç aýlyk çagasy bilen Türkiýede ýaşaýar. Ol adamsynyň Özbegistanda dini ynançlary sebäpli prokuratura tarapyndan yzarlanýandygy üçin öz ýurduna dolanyp bilmeýändigini aýtdy. Ol özbekleriň jyhad ýoluny saýlap almagyna ýurtdaky basyşlaryň sebäp bolýandygyny gürrüň berýär.

“Men özbekleriň Siriýa jyhada gidýändigi barada eşidýärin. Men olara düşünýärin, sebäbi Özbegistanyň güýçleriniň rehimsizligi adamlary şeýle ýoly saýlamaga iterýär. Meniň özüm entek [bu meselede belli bir] karara gelmedim” diýip, Halima aýtdy.

Siriýada we Yrakda “Yslam döwletiniň” düzüminde söweşýän merkezi aziýalylaryň sany barada anyk maglumatlar ýok.

Türkiýede ýerleşýän aktiwist Adam Çelik Siriýada prezident Başar al-Assada garşy söweşýän toparlaryň arasynda merkezi aziýalylaryň sanynyň 3 000-e çenli diýip hasaplanýandygyny aýtdy.

Özüniň “Yslam döwletine” degişlidigini aýdýan we “Al Sabrynyň topary” diýip atlandyrylýan guramanyň söweşijilerinden biri, özüni mujaheddin Abu Usmon özbek diýip tanadan adam Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen WhatsApp arkaly söhbetdeş bolup Özbegistandan Türkiýäniň we Orsýetiň üstünden gelýän jyhadçylaryň sanynyň köpelýänidgini, olaryň käbirleriniň öz maşgalalary bilen gelýändigini aýtdy.

Türkmenistanly söweşiji

Geçen ýylyň tomsunda Siriýada hökümet güýçlerine garşy söweşýänleriň hatarynda türkmenistanly Röwşen Gazakowyň ele salnandygy barada habar berlipdi.

2013-nji ýylyň iýun aýynda Orsýetiň telewideniýesi Türkmenistanyň raýaty diýip, Röwşen Gazakowyň interwýusyny görkezdi. Gazakow özüniň bu ýerde Abu Abdylla lakamyny alandygy, “Al-Kaýda” toparyna degişli bolan Halapdaky (Aleppo) bir guramanyň düzüminde komandir bolandygy barada gürrüň berdi. Onuň öz ýany bilen bäş ýaşly ogluny hem alyp, oňa partlaýjy serişdeleri ýygnamagy öwredip duran pursatlarynyň wideoýazga alnandygy barada hem aýdyldy.

Şonda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistandan diýilýän Röwşen Gazakowyň habary bilen baglylykda metbugat üçin beýanat ýaýratdy we orsýet telekanallarynda efire berlen maglumatlaryň hakykata gabat gelmeýändigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG