Sepleriň elýeterliligi

Süýnen ýyldyz


Biz, türkmenler, dabaraly, gaba sözleri gowy görýäris. "Türkmene – gabaragy" diýen nakyl hem şondan dörän bolsa gerek. Bu häsiýet bizi köplenç ýerliksiz öwünjeňligiň üstünden eltýär. Netijede biz utmaly ýerimizde utulýarys, beýgelmeli ýerimizde peselýäris, dünýä derejesinde diňlenmeli sözümiz diňlenmän galýar. Säbäbi biz köplenç dabaraly sözleri zerur faktlar bilen berkitmegi unudýarys.

Altymyrat Orazdurdyýew

Altymyrat Orazdurdyýew

Emma bu bizde hakyky hormata mynasyp adamlaryň ýoklugyny aňladyp bilermi? Belki, beýle däldir? Türkmenler gujurly halk. Meselem, az hem bolsa, sportda türkmenleriň gazanan käbir beýik ýeňişleri bar, eger bu iş dogry ýola goýulsa, belki, gazanyp biljek has uly ýeňişlerimiz öňdedir?

Bu gün men uly hormata mynasyp türkmen sportsmeni, ýyldyz kimin süýnüp, aramyzdan örän ir giden zehinli ştangaçy Altymyrat Orazdurdyýew barada gürrüň etmekçi.

Beýik sportsmen

Altymyrat Orazdurdyýew – ştangaçy, ýeňil, orta we ýarym agyr agramlarda üç gezek dünýäniň, üç gezek Ýewropanyň, bir gezek hem Aziýanyň çempiony. Şeýle belent derejä ýeten ikinji bir sportsmen türkmende ýok. Ştanga boýunça munuň ýaly üstünligi gazanan sportsmenler ozalky SSSR-de, hatda bütin dünýäde-de örän seýrek. Nädip ýönekeý oba oglany sportdan şeýle belent derejä ýetip bilipdir? Ol nähili maşgalada doglupdyr? Onuň trenerleri kimler? Sport karýerasy nähili başlanýar we nähili tamamlanýar? Bu soraglaryň jogaby sport bilen gyzyklanýan her bir adamy gyzyklandyrýan bolsa gerek.

Altymyrat agyr atletikada dürli wagtlarda ýeňil (70KG), orta (75KG), ýarym agyr (82.5KG) agramlarda çykyş edýär. Ine, onuň Halkara derejesinde gazanan netijeleri:

Altymyrat Orazdurdyýew

Altymyrat Orazdurdyýew

Dünýä çempionatlary:

- 1989-njy ýyl; orta agramda, 1-nji ýer: 160+202.5= 362.5
- 1990-njy ýyl; ýarym agyr agramda, 1-nji ýer: 172.5+205= 377.5
- 1993-nji ýyl; orta agramda, 1-nji ýer: 167.5+202.5= 370

Ýewropa çempionatlary:

- 1989-njy ýyl; orta agramda, 1-nji ýer: 160+202.5= 362.5
- 1990-njy ýyl; ýarym agyr agramda, 1-nji ýer: 172.5+205= 377.5
- 1991-nji ýyl; ýarym agyr agramda, 1-nji ýer: 172.5+202.5= 375

Aziýa çempionatynda:

- 1994-nji ýyl, ýeňil agramda, 1-nji ýer.

Altymyrat Orazdurdyýew 1993-nji ýylda Awstraliýanyň Melburn şäherinde geçirilen Dünýä çempionatynda ştanga boýunça orta agramda dünýä rekordyny goýýar. Bu rekord: 202.5 kg.

(1992-nji ýylda geçirilen Dünýä çempionatynyň ýeňijileriniň arasynda A.Orazdurdyýewiň ady ýok. Emma bu ýaryşa gatnaşmazlygy sportsmeniň däl-de, eýse ony Dünýä ýaryşyna gatnaşdyryp bilmedik döwletiň günäsi.)

Medallary:

- Dünýä çempionatynyň 3 sany altyn medaly.
- Ýewropa çempionatynyň 3 sany altyn medaly.
- Aziýa çempionatynyň 1 altyn medaly.

Bu üstünlikler ady dünýä sportunyň taryhyna hemişelik ýazylan türkmen ştangaçysynyň üstünlikleriniň gözbaşyny bilmäge höwes döredýär. Ine, onuň gysgaça terjimehaly.

Altymyradyň maşgalasy

Ol Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Sakarçäge raýonynyň Akýap obasynda 1969-njy ýylyň 6-njy iýunynda köpçagaly türkmen maşgalasynda dokuz çaganyň iň körpesi bolup dünýä inýär. Maşgalada altynjy ogul bolansoň, oňa Altymyrat adyny goýýarlar. Altymyradyň kakasy, kolhozçy, Orazdurdy aga daýaw adam eken. Ol Altymyrat kyrk günlükkä ýogalýar.

Altymyrat nädip ştangaçy bolýar?

Akýap obasyna agyr atletikanyň düşnügini, ýagny tohumyny getiren Altymyradyň uly agasy Tirkiş. Ol Türkmen döwlet uniwersitetiniň Bedenterbiýe fakultetinde okaýarka ştanga götermek bilen meşgullanýar. Uniwersiteti gutaryp gelensoň, Akýap obasynyň oglanlarynyň arasynda agyr atletika bolan söýgini oýarýar.

Tirkişiň göreldesi bilen inisi Orazberdi hem sporty saýlap alýar we Türkmen döwlet uniwersitetiniň Bedenterbiýe fakultetini tamamlaýar. Şeýlelikde Tirkiş Orazberdini ştangaçy edip ýetişdirýär, Orazberdi hem körpe inileri Altymyrady bu ugurdan ýetişdirýär.

Altymyradyň agyr atletikadan üýtgeşik zehini ir belli bolýar we ony 5-nji klasdan beýläk Aşgabadyň sport internatyna okuwa alýarlar. Paýtagtda Altymyrady talantly trener Brono Abramýan türgenleşdirýär. Şeýdibem oňa hakyky professional sport karýerasyna ýol açylýar.

Ägirt uly ýeňişler we ýatdan çykmajak ahmyr…

Altymyrat Orazdurdyýewiň sport karýerasy galagoply döwre, ýagny SSSR-iň soňky ýyllaryna gabat geldi. Onuň karýerasynyň soňundaky iň uly ahmyr hem şonuň bilen bagly.

1991-nji ýyldan soň, ozal SSSR-iň düzümine giren sowet respublikalarynyň köpüsi Halkara Olimpiýa komitetinde garaşsyz döwletler hökmünde hasaba alynýar, Türkmenistan bu meselede yza galýar we netijede türkmen sportsmenleri 1992-nji ýylda Barselonada geçirilen Olimpiadada GDA-nyň düzüminde çykyş etmeli bolýarlar.

1992-nji ýylda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen Olimpiadada Altymyrat Orazdurdyýew GDA-nyň adyndan ştanga boýunça agyr agramda çykyş etmelidi. Onuň ady bu ýaryşda 75 kg çenli, ýagny ýarym agyr agramda çykyş etmeli sportsmenleriň arasynda bardy we Olimpiadanyň öňündäki bir ýylyň dowamynda görkezen netijeleri boýunça GDA-da oňa taý geljek bäsdeş ýokdy. Ine, onuň GDA boýunça Olimpiadanyň öň ýanyndaky görkezijileri: 75 kg: 170 + 207,5 = 377,5.

Emma Barselonada ýaryş meýdançasyna çykmagaga bary-ýogy 5-10 minut galanda GDA-nyň Olimpiýa ýygyndysynyň umumy treneri Wasiliý Alekseýew Altymyrady duýdansyz ýerden ýaryşdan çetleşdirýär. Onuň ýerine ol 75 kg agramdan öz güýji boýunça ikinji derejeli moldowan ştangaçysy Fýodor Kasapowy ýaryşa salýar. Elbetde, Altymyradyň 82,5 kg çenli agramda-da çykyş etmäge haky bar, emma bu agramda W.Alekseýewiň öz "faworiti" bar, şol sebäpdenem ol türkmen sportsmenini ýaryşdan bütinleý aýryp, Samadowy ýaryşa salýar, emma ol ýaryşda diňe 3-nji ýeri alýar. Sebäbi halkara ýaryşlarynda Samadowyň görkezen iň gowy umumy netijesi - 370 kg, Altymyradyň netijesi bolsa - 375-377,5 kg.

Iň esasy zat hem Barselonadaky Olimpiada bary-ýogy 1,5 aý galanda GDA boýunça Sankt-Peterburgda geçirilen saýlama ýaryşda Altymyrat Orazdurdyýew 75 kg agramda birinji ýeri alýar we GDA-nyň Sport Federasiýalarynyň Geňeşiniň prezidentleriniň kararyna laýyklykda Barselonada geçjek XXV Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukugy gazanýar!

Bu ýaryşda Altymyrat özi bilen deň agramda çykyş edýän moldawiýaly Fýodor Kasapowdan umumy summada 10 kg. öňe saýlanýar, 82,5 kg agramda çykyş edýän, ýagny özünden 7,5 kg agyr agramdaky Samadowdan hem umumy hasapda bary-ýogy 5 kg yza galýar.

Emma, käbir maglumatlara görä, öz şahsy bähbidini sportdan has ileri tutan W.Alekseýew Barselonada GDA-nyňam, türkmen sportsmeniniňem Olimpiadada görnetin ýeňiş gazanmak mümkinçiliklerine belli-külli kast edýär.

Bu Altymyradyň sportdaky karýerasyna-da, onuň saglygyna-da agyr urgy bolýar. Şondan soň onuň dogabitdi kemçilikli bir böwregini çalyşmaly bolýar. Emma çalşylan böwrek hezil bermeýär we sportsmen üçin Germaniýada bejergi almak zerurlygy ýüze çykýar. Ol bu zerur bejergi üçin Türkmenistanyň prezidentine ýüz tutýar. Emma öz ýadygärlikleri we saglygy üçin döwletiň millionlap dollarlaryny ýele sowrup ýören, sportsmeniň adyny peýdalanmak üçin ol ýeňiş gazananda onuň bilen bile surata düşen Saparmyrat Nyýazow beýik sportspeniň saglygyna gerek bolanda, oňa kömek bermekden boýun gaçyrýar.

Altymyrat Orazdurdyýew 1997-nji ýylyň 7-nji martynda 27 ýaşynda böwrek keseli zerarly aradan çykýar.

Sözsoňy

Agyr atletikanyň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasyna düşen tohumy hasyl bermegini dowam edýär. Altymyradyň agasy we ilkinji treneri Orazberdi häzirem Sakarçäge etrabynyň sport mekdebinde mugallym. Akýabyň oglanlarynyň ençemesi, şol sanda Altymyradyň ýene bir agasy Bäşimiň ogly-da ştangaçy bolup ýetişdiler. Bu geljekde Akýapdan ýene-de Altymyrat ýaly beýik sportsmenleriň ýetişjekdigine umyt döredýär.

Ak Welsapar, ýazyjy.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG