Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Planşet we el.

Planşet we el.

Braziliýada geçirilen futbol boýunça Dünýä çempionatyna dünýäniň ençeme ýurtlarynyň millionlarça ýaşaýjylarynyň tomaşa etmegi, bu ýaryşa gatnaşýan käbir futbolçylaryň dünýä derejesinde meşhur bolmagyna sebäp boldy.

Muny subut edýän delillerden biri hem, bu ýaryşyň başlanmagy bilen, onda oýnaýan futbolçylaryň sosial ulgamlardaky, has takygy, “Twitter” sosial ulgamyndaky yzarlaýjylarynyň ummasyz artmagydyr.

Ýakynda bu barada Türkiýäniň “Hürriýet” gazeti maglumat çap etdi. Maglumatda Braziliýada geçirilýän futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşandan soň, “Twitter” sosil ulgamyndaky yzarlaýjylarynyň sany aýratyn köp artan 10 futbolçynyň ady agzalýar.

Olaryň birinjisi Fransiýanyň futbol komandasynda oýnaýan futbolçy Paul Pogba bolup, ol Dünýä çempionatyna gatnaşandan soň, onuň Twitterdäki hasabynyň yzarlaýjylary öňküsinden 505% köpelip, 847 müňe ýetipdir. Braziliýanyň futbol komandasynda oýnaýan futbolçy Oskaryň Twitterdäki hasabynyň yzarlaýjylary öňküsinden 428% artyp 857 müňe ýeten bolsa, Italiýanyň futbol komandasynda oýnaýan futbolçy Andrea Pirlonyň Twitter hasabyndaky yzarlaýjylarynyň sany öňküsinden 332% artyp, 999 müňe ýetipdir.

Twittet

Twitter sosial ulgamy bilen gürrüňimizi dowam etdirip, bu ulgamyň Begenç Ýazow atly agzasy tarapyndan paýlaşylan bir tweeti siziň bilen paýlaşasym gelýär. Sebäbi bu sosial ulgamyň beýleki türkmen agzalary tarapyndan iň köp jogap alan tweet diýse-de boljak.

30-njy iýunda “Boş, biderek geçen bir ýyl, gördüňizmi? Men gördüm” diýip, Ýazowyň ýazan bu tweetine Şirgo Baýramow (Shirgo Bairamov) atly agza: “Menem gördüm öýdýän şony” diýip jogap ýazsa, HanYm atly agza: “Gynansak-da, ondan köpräginem gördük” diýip, jogap galdyrypdyr. Tweeti paýlaşan Ýazow atly agza: “Boş” sözi adamdan adama üýtgeýä-dä... Maňa boş başgasyna doly” diýip, özüniň boş geçdi diýip hasaplaýan ýylynyň, başgalar üçin wakalara baý ýyl ýaly bolup görnüp biljekdigini aýdypdyr.

Gürrüňi edilýän sosial ulgamyň Welmyrat atly agzasy Ýazowyň ýazan soňky teswirini seljermese bolmajakdygyny belläp: “Meniň boş bolşum siziň dolyňyz ýaly...” diýip, birneme ikuçly, belki-de ýaňsyly jogap ýazypdyr.

Ýeri gelende belläp geçsem, bu tweet 14-njy iýula çenli üç gezek halanyp, 4 sapar hem gaýtadan çap edilipdir we oňa jemi dokuz teswir ýazylypdyr.

“VKontakte”

“VKontakte” sosial ulgamynda bolsa “Turkmen Service ISD” atly topar tarapyndan 6-njy iýulda paýlaşylan bildiriş, ulgamyň käbir agzalarynyň ünsüni özüne çekipdir.

Bildirişde şeýle diýilýär: “Gadyrdan müşderilerimiz‼ Indi biziň Internet Söwda dükanymyzdan Aşgabatda hem kireýne tigirleri alyp bilersiňiz. Bu täzeligi dostlarymyza aýdalyň”. Bu bildirişden soň habarlaşmak üçin telefon belgisi-de görkezilipdir. Gürrüňi gidýän sosial ulgamyň Maksat Atabalow atly agzasy: “Siziň welosipedleriňizi nirede görüp bolýar? Ýa-da telefon belgiňizi ýazsaňyz bolarmy?” diýip sorag berse, Arçi Annabaýew atly agza: “Hezillikdigini, tüweleme, gün-günden ösýäňiz” diýip, bu barada özüniň oňyn garaýşyny galdyrypdyr.

Ýeri gelende aýtsam, “Kireýine tigirler” ady bilen paýlaşylan bu bildirişdäki suratda bir tigriň 24 sagatlyk bahasynyň 20 manatdygy bellenilýär. Bu bildiriş 9-njy iýula çenli 20 sapar halanyp, 11 gezek hem gaýtadan çap edilipdir we oňa jemi 10 teswir ýazylypdyr.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda bolsa, sözlerinden çen tutulsa, websaýtyň agzasy diýlip çaklanylýan agajanh atly agza tarapyndan “Ertir.com[yň] geljegi! Teklipleriňiz we bellikleriňiz” diýen at bilen açylan tema ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir.

6-njy iýulda gozgalan bu tema 14-njy iýula çenli jemi 3896 sapar okalyp, 112 gezek hem halanypdyr we oňa 334 teswir ýazylypdyr. Gürrüňi gidýän temada: “Soňky günlerde saýt belli bir derejede ünsden düşürildi diýsek hem bolar. Sebäbi başga işler bilen hiç kimiň seretmäge kän eli degmedi we saýt özakymyna gitdi diýseňem bolýar. Indi ýene-de wagt tapyp, saýtda tehniki we beýleki özgertmeleri geçirmegi karar etdik. Belli bir derejede ertiri öwrenmeklik üçin we köpçülige näme gereklidigini bilmek isleýäris. Garaz, pikirleriňiz örän wajyp” diýlip, agzalýan saýty has hem özgertmek üçin agzalaryň garaýyşlary soralýar.

Bu tema garaýşyny galdyranlardan ilkinjileriň biri – BigBang atly agza: “Şu tema açmagy bir düzgüne goýsana. Iki kuplet goşgy üçinem tema açyp ýörler. Soňam Täzelikler bölümine-de seredýän ýok öýdýän. Käbir agzalaryň ýazýan goşgularynda hiç hili many ýok. Peýdaly temalar açylsyn” diýip, türkmen ýaşlarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolan saýt bilen baglanyşykly öz isleglerini beýan edipdir.

Bond atly başga bir agza bolsa: “Gymyldy, habarlar, agzalar diýen ýeriň geregi ýok” diýip, saýty nähili gowulaşdyryp boljakdygy barada öz pikirini ýazypdyr.

Umuman, bu ulgamyň agzalarynyň ençemesi “Ertir.com” saýtynyň işini nädip has gowulaşdyryp boljakdygy barasynda öz pikirlerini saýtyň jogapkärlerine ýetiripdirler.

XS
SM
MD
LG