Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Futbol: Germaniýa dünýä çempiony


Germaniýa futbol boýunça dünýäniň çempiony boldy.

Germaniýa futbol boýunça dünýäniň çempiony boldy.

Germaniýa Braziliýada geçen futbol boýunça Dünýä çempionatynyň final oýnunda Argentinanyň toparyny 1-0 hasaby bilen ýeňip, futbol boýunça dünýäniň çempiony diýen ady gazandy.

Dünýä ýaryşynyň 13-nji iýulda bolan final duşuşygynda germaniýaly futbolçy Mario Getse goşmaça wagtyň gutarmagyna ýedi minut galanda, möhüm topy argentin futbolçylarynyň derwezesine ussatlyk bilen salmagy başardy.

Mario Getse

Mario Getse

Netijede Germaniýa dördünji gezek futbol boýunça dünýäniň çempiony boldy. Gepiň gerdişi gelende aýtsak, Germaniýa Amerika kontinetinde futbol boýunça Dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmagy başaran ilkiji ýewropa futbol toparydyr.

Argentinaly Lionel Messi näçe jan etse-de, ussatlarça oýnasa-da, Germaniýanyň oýunçylary oýnuň agramly böleginde oýun meýdançasynyň üstünden doly gözegçiligi öz ellerinde sakladylar.

Germaniýada janköýerler öz futbol toparynyň ýeňşini uly şowhun bilen garşyladylar. Paýtagat Berlinde bolsa, oýun gidip durka ýagyn ýaganlygyna garamazdan, 300 müň töweregi adam bu çekeleşikli futbol oýnuna şäheriň jemgyýetçilik meýdançalaryndaky ägirt uly ekranlardan köpçülikleýin tomaşa etdiler.

Buenos-Airesde hem oýundan öň futbol janköýerleri ýurduň baýdaklaryny, çişirilen şarlary we özleriniň gahryman hasaplaýan oýunçysy Lionel Messiniň suratlaryny göterip, köçelere çykdylar.

Emma ençeme sagada çeken şowhundan soň, aşa janköýer hasaplanýan “barra brawas” toparynyň onlarça agzasy köçe polisiýasyna daşlary zyňmagy başlady. Polisiýa bu düzgüni bozmalara rezin oklar, göz ýaşardyjy gaz we suw toplary bilen jogap berdi.

Messi 2014-nji ýylda Braziliýada geçen futbol Çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilip, oňa hormatly “altyn pökgi” gowşuryldy.

Manuel Neuer we Lionel Messi

Manuel Neuer we Lionel Messi

Germaniýaly Manuel Neuer Çempionatyň iň gowy derwezeçisi diýen ada mynasyp boldy.

Kolumibýaly hüjümçi James Rodriguez Çempionatyň dowamynda iň köp gol salan oýunçydyr. Ol Çempionatdaky duşuşyklaryň dowamynda garşydaşlarynyň derwezesine jemi alty goly geçirmegi başardy.

Emma ýer eýeleri, tamany ödäp bilmän, Çempionatda dördünji orna kaýyl bolmaly boldular. Braziliýanyň topary Germaniýadan 1-7 hasabynda utulyp, bu Çempionatda örän kyn ýagdaýa düşdi.

Çempionatda umumy hasapda 171 gol salnyp, bu 1998-nji ýylda Fransiýada geçirilen Dünýä Çempionatynda ýetilen derejäni gaýtalady.

XS
SM
MD
LG