Sepleriň elýeterliligi

Russiýa Ukraina haýbat atdy


Ukrainanyň territoriýasyndan edildi diýilýän ok atyşygyň netijesinde Russiýada bir adam heläk bolandan soň, Moskwa munuň “yza gaýdyp bolmajak netijeleriniň bolup biljekdigi” bilen Kiýewe haýbat atdy.

Kremliň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, prezident Wladimir Putin gürrüňi gidýän waka bilen baglanyşykly “çynlakaý aladalanmalaryny” beýan edipdir.

Kiýew şeýle aýyplamalary “dolulygyna bolgusyzlyk” diýip atlandyryp, ukrain güýçleriniň serhetden ot açandygy baradaky maglumatlary ret etdi.

Ukrain resmileri Moskwany öz taraplaryna goşulmaga prowakasiýa etmek umydy bilen, Russiýa tarapdary separatistleriň bu waka jogapkär bolup biljekdigini öňe sürdiler.

Ukrainadaky pitneçiler bolsa, bu aýyplamalary ret etdiler.

Bu aralykda, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýanyň güýçlerini serhedi geçmekde we ukrain harbylaryna hüjüm etmekde aýyplady.

Poroşenkonyň bu çykyşy Ukrainanyň “terrorçylyga garşy operasiýasy” 100 çemesi separatist bronly ulaglardan we ýük maşynlaryndan ybarat kerweniň Russiýadan Ukrainanyň araçäklerine geçendigi barada maglumat berenden soň, bolup geçdi. Maglumatlarda şol ulaglarda pitneçileriň Russiýadan Ukrainanyň araçäklerine geçirilendigi bellenilýär.

Ukrainanyň harbylary gürrüňi gidýän harby kerweniň bombalanandygyny habar berdiler. Emma muňa garamazdan, ukrain armiýasy bu barada jikme-jik maglumat bermedi. Şeýle-de, Ukrainanyň harbylary bu hüjümde öz ýedi esgeriniň öldürilendigini belledi.

XS
SM
MD
LG