Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň armiýasy hüjümlerini artdyrýar


Pakistanyň armiýasy ýurduň tire-taýpalar regionynda söweşijileriň täsiri astynda diýlip güman edilýän territoriýalarda özüniň täze hüjümlerini başladandygyny habar berýär.

Pakistanyň harby uçarlary we artilleriýa toplary söweşijileriň Miranşahyň golaýyndaky buky ýerlerine hüjüm etdiler. Miranşah Demirgazyk Waziristan tire-taýpalar regionynyň esasy etrapçasydyr.

Howa hüjümleri pakistanly “Talyban” hereketiniň we beýleki “Al-Kaýda” ilteşikli ekstremist toparlaryň agalyk sürýän territoriýalary Mosaki , Harkamar we Mirali ýaly sebitlerde hem amala aşyryldy.

Pakistanyň Demirgazyk Waziristan sebitindäki hüjümler “Pakistanyň Talyban” hereketine garşy ýurduň armiýasy tarapyndan bir aý bäri amala aşyrylýan hüjümleriň bir bölegidir.

Geçen hepde Pakistanyň harbylary üç hepde dowam eden ok atyşykdan we howa hüjümlerinden soň Miranşahyň kontrollygyny gaýtadan ele salandyklaryny habar beripdiler. Olar 15-nji iýunda operasiýalar başlany bäri muny ilkinji “wajyp” öňe gidişlik diýip atlandyrdylar.

Pakistanyň harbylarynyň maglumatyna görä, hüjümleriň netijesinde ýüzlerçe söweşiji öldürilipdir. Şeýle-de, maglumatlarda gürrüňi edilýän regiondan 1 milliona golaý raýatyň öýlerini terk edip, başga ýerlere göçmeli bolandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG