Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Orsýeti serhetde goşun toplamakda aýyplaýar


Luhansk aerportunyň ýolunda weýran edilen bronly harby maşynlar, 14-nji iýul, 2014.
Luhansk aerportunyň ýolunda weýran edilen bronly harby maşynlar, 14-nji iýul, 2014.

Kiýew Orsýeti ukrain serhediniň alkymynda goşun toplamakda aýyplaýar hem-de «hakyna tutulan rus söweşijileri» tarapyndan goldanylýan separatistleriň, ýurda bronly harby maşynlary geçirmeklige synanyşyp, ukrain serhetçilerini oka tutandygyny aýdýar.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Andriý Lisenko žurnalistlere 14-nji iýulda, ir sagatlarda Dýakowa serhet berkitmesiniň golaýynda çaknyşyklaryň bolandygyny gürrüň berdi.

Ol bolup geçýän zatlar «Orsýet tarapynyň Donbasdaky konflikti ýitileşdirmäge girişendigini görkezýär» diýdi.

"Orsýetiň täze raketalary ulanylýar"

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko hem Orsýetiň gatyşmasynyň artýandygyna ünsi çekdi. Ol Kiýewde 14-nji iýulda uly harby we howpsuzlyk resmileri bilen duşuşanda, soňky üç günde Ukrainanyň ýaragly güýçlerine garşy Orsýetiň täze raketa sistemasynyň ulanylandygyny aýtdy.

Ukrain prezidentiniň websaýtynda 14-nji iýulda çap edilen beýanatda «Ukrain goşunlarynyň garşysyna geçirilýän harby operasiýalara Orsýetiň ştatdaky ofiserleriniň gatnaşýandygy baradaky maglumat tassyk boldy» diýilýär.

Poroşenko ukrain goşunlarynyň serhediň we onuň golaýynda ýaşaýan adamlaryň goragyny güýçlendirmek üçin taktikany üýtgetmelidigini aýtdy.

Şu arada, ukrain harbylary öz güýçleriniň 14-nji iýulda, söweş dikuçarlarynyň goldamagynda, gündogar Ukrainadaky Luhansk aeroportunyň pitneçi gabawyny böwsendigini aýtdy.

Harbylar howadan urlan zarbalaryň orsýetçi separatistleriň hatarynda uly zaýaçylyk döredendigini, şol sanda Kiýewiň Orsýet bilen serhetden geçirildi diýýän bronly tehnikalaryna uly zeper ýetirendigini aýdýarlar.

Ýitgileri tassyklamak kyn

Iki tarapdan pidalar barada berilýän sanlary tassyklamak kyn.

Özüni Luhansk halk respublikasy diýip atlandyrýan separatistler 14-nji iýulda gündogar Ukrainada Ukrainanyň söweş uçarlaryny urup ýykandyklaryny aýdýarlar. Aýdylmagyna görä, ol uçarlaryň biri Lisiçansk töwereginde, beýlekisi Izwarino serhet barlag nokadynyň golaýynda ýykylypdyr.

Şu arada, ukrain howpsuzlyk resmileriniň sözlerine salgylanyp, olaryň Luhanskiň golaýynda Antonow harby transport uçary bilen aragatnaşygy ýitirendigi aýdyldy.

14-nji iýulda, araçäge golaý kiçijik rus şäherinde bir adam hamala Ukraina tarapdan gelen top gyýçagyndan ölenden soň, Orsýet Ukraina munuň «agyr netijeleriniň» boljagyny aýdyp, haýbat atdy.

Prezident Wladimir Putin, Kremliň sözçüsiniň aýtmagyna görä, bu hadysa çynlakaý alada bildirdi.

Kiýew öz goşunlarynyň serhetden aňryk ok atandygyny ret etdi we munuň asla heňe gelýän zat däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG