Sepleriň elýeterliligi

Çolaryp galan kitaphana


Iň köp bolanda, günde 20-30 adamyň bu kitaphana gelýändigini ondaky işleýänler aýdýarlar.

Iň köp bolanda, günde 20-30 adamyň bu kitaphana gelýändigini ondaky işleýänler aýdýarlar.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň, daşyndan synlanyňda uly köşgi ýatladýan bu merkezi kitaphanasynda, ozal şäheriň Karl Marks meýdanynda ýerleşen Döwlet kitaphanasynyň binasyndan tapawutlylykda okyjylar üçin ähli amatly şertler döredilipdir.

Türkemenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda gyşyna ýyly, tomsuna salkyn kitaphananyň zallarynda okamak, ýazmak üçin diýseň amatly oturgyçlar, stollar goýlupdyr. Kitaphananyň zallarynyň yşyklandyrylyşy hem-de stollarda goýlan ýörite lampalar kitaphanana gelýänlere, gözüňe agram salman, okamaga we ýazmaga gowy mümkinçilik berýär.

Emma bu döwrebap kitaphananyň içinde özlerine gerek kitaplarydyr maglumatlary gözläp, gümra bolup ýören okyjylara duşaýmak aňsat däl. Kitaphananayň işgärleriniň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, kitaphananyň işgärleriniň sanynyň okyjylarynyňkydan köp bolýan wagty seýrek däl.

Iň köp bolanda, günde 20-30 adamyň bu kitaphana gelýändigini ondaky işleýänler aýdýarlar. Olaryň sözlerinden çen tutsaň, bu kitaphana, esasan, ylmy işgärler we talyplar köp gelýärler. Olar bu kitaphana beýleki kitaphanalardan, hususan-da paýtagtyň merkezinde ýerleşen Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasyndan tapyp bilmedik kitaplaryny tapmak we okamak üçin gelýärler.

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasynyň, adatça, iň köp okyjylary bolýan häzirki abituriýentleriň ýokary okuw jaýlarynyň giriş ekzamenlerine taýýarlanýan wagtynda hem, öňki ýyllar bilen deňäniňde, okyjylar az. Mysal üçin, 2007-2008-nji ýyllarda bu kitaphana günde diýen ýaly 400-500 abituriýent giriş ekzamenlerine taýýarlanmak üçin gelipdir. Emma soňky ýyllarda olaryň sany azalypdyr. Indi köp geldi diýlende, bu ýere günde 50-60 abituriýent gelýär diýip, kitaphananyň işgärleriniň käbiri gürrüň berýär.

Mümkin sebäpler

Kitaphananyň okyjylarynyň azlygynyň bir sebäbi onuň paýtagtyň çetinde ýerleşmegi bilen düşündirilýär. Başda belläp geçişimiz ýaly, bu kitaphana öň paýtagtyň merkezinde, öňki Karl Marks meýdanynda ýerleşýärdi. Kitaphananyň häzirki binasyna awtobus gatnawynyň seýrekligi hem öz täsirini ýetirýär. Kitaphananyň duralgsynda 20-nji we 32-nji marşrutlardan gatnaýan iki sany awtobus durýar.

Kitaphananyň okyjylarynyň azlygynyň beýleki bir sebäbi - onda täze kitaplaryň azlygyndan bolsa gerek. Ýurduň içinde neşir edilýän kitaplardyr, gazet-žurnallar ýaly döwürleýin neşirler yzy üzülmän gelýän-de bolsa, täze daşary ýurt neşirleri bu kitaphanada örän az. Kitaphananyň fondundaky Türkmenistanyň özünde neşir edilýän kitaplaryň hem köpüsini okuw kitaplary ýa-da prezident G.Berdimuhamedowyň ady bilen çykan, ýogsa-da oňa bagyşlanyp ýazylan kitaplar düzýär.

Kitaphananyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, daşary ýurt neşirleriň ählisi diýen ýaly ýurduň içinde işleýän daşary ýurt guramalarynyň sowgatlary. Mysal üçin, ilçihanalaryň käbirlerinde öň ulanylan kitaplardyr, gazet-žurnallar. Ýurtda her ýyl geçirilýän halkara kitap sergisinden hem bu kitaphana kitaplar gelýär.

Türkemenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt kitaphanalary bilen alyş-çalyş işi hem 2006-njy ýylda togtadylypdyr. Kitaphananyň käbir işgärleri bu hili alyş-çalyş programmasy üçin maliýe serişdeleriniň ýeterlik bolmandygyny aýdýan bolsalar, beýlekileri kitaphananyň özbaşdak halkara aragatnaşyklary alyp barmagyna gadaganlyk girizilendigini aýdýarlar.

Sanlar

Her niçikde bolsa bu kitaphanada täze daşary ýurt neşirleri azlyk edýär. 2012-nji ýylyň statistik maglumatlaryna görä, bu kitaphanada kitaplaryň we žurnallaryň 5 million 575 müň nusgasy saklanýan eken. Kitaphananyň kitap fondunyň agramly bölegi sowet döwründe çap edilen rus dilindäki kitaplar.

Kitaphanada gaýry daşary ýurt dillerindäki kitaplaryň sany 100 müň töweregi. Kitaphananayň işgärleriniň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, türkmen dilindäki kitaplaryň sany 250 müň töweregi.

Okyjynyň kitaphananyň bu ägirt fondundan özüne zerur bolan kitaby tapyp bilmegi üçin kitaphanada 2006-njy ýylda ýörite elektron katalog hem girizlipdir. Häzirki döwürde bu kataloga kitaphananyň türkmen dilindäki hem-de beýleki dillerde Türkmenistan we türkmenler barada ýazylan kitaplaryň ählisi diýen ýaly girizilipdir. Emma rus dilindäki kitaplaryň aglabasy entek bu kataloga girizilmändir.

Okyjylaryň bu doly bolmadyk katalogdan peýdalanmagy üçin gerekli mümkinçilikler hem döredilipdir. Munuň üçin kitaphananyň her bölüminde bu kataloga çatylan kompýuterler bar. Şol bir wagtda hem okyjylar adaty kartoçkaly kataloglardan hem peýdalanyp bilýärler.

Kitaphananayň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, elektron katalogy girizilende ol internet toruna hem birikdirilmeli eken. Emma bu iş entek ýola goýulmandyr. Bu hili işi alyp barmak üçin degişli hünärmenleriň ýokdugyny kitaphanannyň işgärleri aýdýarlar.

Kitaphanada internet-kafe hem işleýär. Bu internet-kafede okyjylar 45 minut internetden mugt peýdalanyp bilýarler. Tizligi we hili o diýen ýokary bolmadyk bu inetrnetden peýdalanýanlaram köp däl. Bu internet-kafeniň hem gün uzyn müşderisiz durýan günleri az däl.

Birnäçe ýyl dowam eden bu kitaphananyň gurluşygy täze prezident häkimiýet başyna geçensoň aradan köp wagt geçmänkä tamamlanyp, 2007-nji ýylda ulanylmaga berildi. Kitaphananyň bir wagtyň özünde 1 müň 100 okyjyny kabul etmäge mümkinçiligi bar. Kitaphananyň gurluşygy üçin jemi 75 million dollar serişde sarp edilipdir.

XS
SM
MD
LG