Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karimowanyň ýaranlary tussag edildi


Özbegistanda prezident Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowanyň iki ýakyn ýaranynyň hapa pullary ýuwmakda we galplykda aýyplanyp, tussag edilendigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň atlary köpçülige mälim edilmeýän birnäçe çeşmä salgylanyp berýän maglumatyna görä, Karimowanyň hallaşýan oglany diýip bilinýän özbek telekeçisi Rustam Madumarow geçen hepde 6 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Maglumatlara görä, Karimowanyň ýene bir ýarany Gaýane Awakýan hem 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Tussag edilmeler resmi çeşmeler tarapyndan tassyklanylmady.

Madumarowa we Awakýan galplykda, bikanun söwda işlerini ýöretmekde, hapa pullary ýuwmakda, salgyt galplyklarynda aýyplanyp, mart aýynda tussag edilipdiler.

XS
SM
MD
LG