Sepleriň elýeterliligi

Dünýä türkmenlerinde oraza


Oraza saçagynyň başynda

Oraza saçagynyň başynda

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda dürli ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenleriň oraza adatlarynyň umumylyklary, aýratynlyklary we tapawutlary barada söz açyp, diňleýjileri dünýä türkmenleriniň arasynda oraza gezelenjine çykarmak isleýär.

Eýsem gadymy türkmen oraza adatlary, edim-gylymlary we tagamlary dünýä türkmenleriniň arasynda nähili saklanýar? Häzirki döwürde dünýä türkmenleriniň arasynda oraza adatlarynda nähili üýtgeşiklikler bar? Orazada dünýä türkmenleriniň durmuşy nähile görnüşe eýe bolýar we adaty durmuş ýagdaýyndan nähili tapawutlanýar?

Azatlyk Radiosynyň şeýle sowallar esasynda taýýarlajak "Dünýä türkmenleri" gepleşigine sizem gatnaşyp, bu temada öz ýayaşan ýeriňizdäki oraza adatlary hakynda dünýä türkmenlerine maglumat berip bilersiňiz ýa-da öz bellikleriňizi, garaýyşlaryňyzy we teswirleriňizi bu foruma ýazyp bilersiňiz. Biziň aragatnaşyk salgymyz: hat@azatradio.org

XS
SM
MD
LG