Sepleriň elýeterliligi

Düşündiriş: Brazilýa tamam, Orsýetde dowam


"Lužniki" stadiony

"Lužniki" stadiony

Braziliýadaky “Dünýä çempionaty 2014-iň” soňlanmagy bilen ünsler Orsýete sowuldy. Sebäbi futbol boýunça nobatdaky Dünýä Çempionaty 2018-nji ýylda Orsýetde geçirler.

“Dünýä çempionaty 2014”, 13-nji iýulda geçirlen final duşuşygynda Germaniýanyň Argentina toparyny 1-0 hasaby bilen ýeňmeginde şüweleňli tamamlandy. Bu oýna tomaşa edenleriň arasynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem bardy. Ol Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we FIFA-nyň prezidenti Sepp Blatter bilen oýna tomaşa etdi.

2010-njy ýylda futbol boýunça “Dünýä çempionaty 2018” Orsýetde geçirilmeli diýlip kararlaşdyrldy. Ýagdaý şeýle bolanda Orsýet Gündogar Ýewropada futbol ýaryşlaryna ýer eýeçilgini etjek ilkinji döwlet bolar. Geliň, nobatdaky Dünýä çempionaty barada käbir meselelere içgin syn edeliň!

Ýaryşlar Orsýetiň haýsy şäherlerinde geçirler?

2018-nji ýylda futbol boýunça geçirilmeli ýaryşlar Orsýetiň Ýewropa girýän şäherlerinde geçirilmeli diýlip meýilleşdirildi. Oýunlar 11 şäherde, ýagny Moskwada, Sankt Peterburgda, Kaliningratda, Nižny Nowgorodda, Saranskda, Wolgogradda, Soçide, Ýekaterinburgda, Kazanda, Samarada we Donuň kenaryndaky Rostow şäherinde geçirler. Oýunlaryň geçiriljek 12 stadionyndan ikisi Orsýetiň paýtagtynda ýerleşýär.

Futbol boýunça ýaryşlaryň geçiriljek stadionlaryň käbirleri bireýýäm taýýar diýsegem bolar. 2014-nji ýylda Soçide geçirlen Olimpiýa oýunlaryna niýetlenilip gurlan Fişt stadiony “taýýar stadionlara” mysal bolup biler. Ýöne beýleki köp sanly stadionlaryň ýagdaýy o diýen öwerlik däl. FIFA ülňelerine laýyk getirmek üçin olaryň ýa-ha göwrümleri giňeldilýär, ýa-da köne stadionlar turuwbaşdan täzeden dikeldilýär.

1956-njy ýylda Moskwada gurlan "köne Lužniki" stadiony 1980-nji ýylda geçirlen Ýazky olimpiýa oýunlaryna niýetlenilip bina edilipdi. Ynha indi bu stadiona 800 million amerikan dollary möçberinde pul serişdesi sarp edilip täzeden dikeldilýär. Agzalýan stadionyň diňe daşky görnüşi öňküligine galar.

FIFA-nyň Baş sekretary Jerome Walke 2018-nji ýylda futbol boýunça Dünýä çempionatynyň Russiýada geçiriljekdigini mälim edýär.

FIFA-nyň Baş sekretary Jerome Walke 2018-nji ýylda futbol boýunça Dünýä çempionatynyň Russiýada geçiriljekdigini mälim edýär.

Ýaryşlara tomaşa etmek üçin Orsýete barmak we ýurduň içinde hereket etmek nä derejede oňaýly bolar?

Orsýetiň Sport ministri Witaliý Mutko 12-nji iýulda eden çykyşynda futbol janköýerleriniň diňe oýun petekleri we şahsy pasportlary bilen Orsýete girip biljekdiklerini aýtdy. Diýmek, Orsýetiň “agzy-burnuňdan getirip çamanagyňy çaşyrýan” wiza sistemasy öýunlara öz täsirini ýetirmez.

Ýaryş geçiriljek şäherleriň geografiki lokasiýalary hem adamlaryň öňünde keserip ýatan derwaýys meseleleriň biridir.Ýurduň günbatarynda ýerleşýän Sankt Peterburg we Kaliningraddan Soçä, günortada ýerleşýän Ýekaterinburgdan gündogara baryp ýetjek bolsaňam aňsat däl.

Mutko öz eden çykyşynda bu meseläniň hem üstünde durup geçip ol Moskwadan Kazana çenli ýokary tizlikli otlularyň ýola goýuljakdygyny aýtdy. Orsýet, ýaryşlaryň geçiriljek günlerine gabatlap otly hem-de awtobus petekleriniň mugt ediljekdigini hem wada berýär.

Çärelere taýýarlygyň bahasy

Soçide geçirlen Gyşky olimpiýa oýunlaryna sarp edilen puluň möçberi 51 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdy. 2018-nji ýylda geçiriljek Dünýä çempionatyna sarp ediljek puluň mukdary bolsa ilkibaşdaky çaklamalar bilen deňeşdireniňde üýtgeýär.

Orsýetiň premiýer-ministri Dmitri Medwedew ýaryşlar üçin sarp ediljek puluň mukdary 20 milliard dollar töweregi bolar, ýa-da Wladimir Putiniň 2010-njy ýylda Orsýete bu halkara ýaryş gadyr edilende sarp ediler diýen mukdarynyň iki essesi bolar diýdi. Putin şonda 10 milliard dollarlyk çykdajy ediler diýipdi.

Braziliýada geçirlen Dünýä çempionatyna edilen çykdajy, ýagny bary-ýogy 11 milliard dollarlyk pul serişdesi güýçli tankytlara sezewar boldy. Bu mukdar Orsýetiň “sarp etjek” diýýän puluna garanyňda has az.

Zurih uniwersitetiniň synçylary Martin Müller bilen Daniel Wolfuň aýtmaklaryna görä Orsýetde gurulýan ýa-da remont edilýän stadionlar üçin sarp ediljek puluň möçberi Braziliýanyň eden çykdajylaryndan 50 göterim dagy ýokary. Orsýetiň stadionlarynda orun başyna lükgeligine 11 müň 600 dollar sarp edilýär.

“2018-nji ýylda geçiriljek Dünýä çempionaty başga ýerde gurnalsyn” diýen tapyldymy?

Hawa. Gündogar Ukrainada krizis döräp Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi bilen Birleşen Ştatlaryň senatlary Dan Kots (Indiana ştatynyň respublikan wekili) we Mark Kirk (Illunoýa ştatynyň respublikan wekili) ýörite FIFA hat ýollap nobatdaky Dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň başga ýerde geçirilmegini we Orsýetiň 2014-däki Dünýä çempionatyna gatnaşmagyna gadagançylyk girizilmegini soradylar.

Galyberse-de, Orsýetiň “geý propagandasyna gadagançylyk” diýip atlandyran kanunçylygyny protest etmek üçin Change.org atly sahypada ýaýradylan arzada “Dünýä çempionaty 2018-iň” Orsýetde däl-de başga ýurtda geçirilmegi agzaldy. Gürüňi edilýän arza 74 müň sany gol goýuldy. Goýlan gollaryň arasynda LGBT-leriň (Lezbi-Geý-Biseksual-Transeksual) hukugyny goramak boýunça iş alyp barýan britaniýaly aktýor Stefen Fraýyň goly ünsi çekdi.

FIFA nobatdaky Dünýä çempionatynyň geçiriljek ýerini üýtgedäýermikä?

Şeýle ýagdaýyň amala aşmak ähtimallygy gaty pes. FIFA: “Toparlar hökümetleriň etmişlerinden jogapkär däl, sebäbi häkimiýetler futboluň piramida görnüşli gurluşyndan üzňe” diýip senatorlaryň haýyşnamalaryny ret etdi. Eger-de FIFA senatorlaryň haýyşlaryny kabul edäýen ýagdaýynda, bu, ozal görlüp-eşidilmedik ýagdaýyň boldugy bolardy.

Dünýä çempionaty barada orslaryň özleri näme diýýär?

Döwlet eýeçiligindäki pikir-soraşyk firmasy bolan VTsIOM-yň berýän habaryna görä orslaryň 54 göterimi “Dünýä çempionaty 2014-e” tomaşa etmejekdiklerini aýdypdyrlar. Olaryň 19 göterimi oýunlara yzygiderli tomaşa etjekdiklerini, 22 göterimi diňe Orsýet toparynyň çykyşlaryna tomaşa etjekdiklerini aýdypdyrlar. Halkyň üç göterimi Dünýä çempionatyndan bihabar ekeni.

2018-nji ýylda geçiriljek futbol ýaryşlary barada giňişleýin maglumat ýok, ýöne Zurih uniwersitetiniň geçiren barlaglaryna salgylansaň orslaryň özleri hem bu çäre bilen içgin gyzyklanyp baranok.

Soçili ýaşaýjy: “Dünýä çempionaty barada aýdara zadym ýok. Bu barada pikirem edemok. Men bir zada begenýän, ýagny olar ozal gurlan binalary ulanjakmyşynlar. Şol-a gowy. Indi bir “gurluşyk” diýmesinler”. diýip öz pikirini beýan edýär.

Zenit toparynyň ady ýazygly şarf atynan orta ýaşly bir aýal: “Stadion gurmagyň oligarhlar we býurokratlar üçin pul ogurlarlamaga bahanadygyna hatda geçilerem düşünýär-ä” diýýär.

Prawoslaw ruhanysy Aleksandr Şumskiýniň öňe süren bellikleri internetde ýaýrap barýar. Ol: “Sportuň bu görnüşi futbolçylaryň geýýän dürli reňkli köwüşleri sebäpli gomoseksuallygyň ýürekbulandyrjylygyny alamatlandyrýar” diýipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG