Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barzani Erdogan, Gül bilen duşuşýar


Yragyň kürt awtonom regionynyň prezidenti Ankarada türk ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Masud Barzani prezident Abdylla Gül we daşary işler ministri Ahmet Dawutogly, biraz soň aýratynlykda premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşdy.

Barzany yrak kürtleriniň birnäçe aý içinde garaşsyzlyk referendumyny geçirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy. Ol Yrak, Yslam döwleti diýilýäniň bir topar ýeri basyp almagy netijesinde, eýýäm böleklere bölündi diýdi.

Türkiýe, özünde hem kürt azlygy ýaşaýan ýurt, Yragyň territorial bitewüligine ygrarlydygyny aýtdy, emma ol şol bir wagtda Yragyň kürt regiony bilen edilýän söwdanyň artmagyndan peýda görýär.

Türkiýe maý aýynda Yrak Kürdüstanyndan nebit eksport etmäge başlady we muňa Bagdadyň gahary geldi.

XS
SM
MD
LG