Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Müsüriň teklibini gutlaýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Müsüriň Ysraýyl bilen Gaza zolagyndaky Hamaz jeňçileriniň arasynda dowam edýän agyr atyşygy kesmek baradaky teklibini gutlady.

Prezident Barak Obama bu gutlagy Ak tamda, mukaddes Remezan aýynda guralýan ýyllyk agzaçar nahary mahalynda aýtdy.

Obama bu teklibiň mümkin boldugyça çalt asudalygyň dikeldilmegine alyp geljegine umyt bildirdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 15-nji iýulda müsürli resmiler bilen emele gelen ýagdaý barada gepleşmek üçin Kaire barýar.

Premýer-ministr Benýamin Netanýahu tarapyndan Ysraýylyň Tel Awiwdäki harby edarasynda geçirilen howpsuzlyk geňeşi ýaraşyk ylalaşygyny sese goýandygyny aýtdy.

Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bu teklibi gutlady we ony kabul etmäge çagyrdy. Ysraýylyň hüjümleri netijesinde azyndan 180 adam öldürildi, olaryň köpüsi asuda adamlar bolup durýar.

XS
SM
MD
LG