Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýeti aýyplaýar


Birleşen Ştatlar Orsýeti gündogar Ukrainadaky separatistleri harby tehnika, şol sanda tanklar bilen goldamakda aýyplady.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 14-nji iýulda çap eden faktlar sanawynda Waşington Orsýetiň separatistlere goldawyny kesendigini görkezýän delil ýok diýýär.

«Hakykatda, biz Orsýet olara agyr ýaraglary, beýleki harby enjamlary, maliýe kömegini berýär, jeňçileriň Ukraina erkin geçmegine ýol berýär diýip hasaplaýarys» diýip, beýanatda aýdylýar.

Döwlet departamentiniň faktlar sanawyna görä, Moskwa harby enjamlary, şol sanda indi rus goşunlarynyň ulanmaýan tanklaryny Orsýetiň günorta-günbatar serhedine toplaýar.

XS
SM
MD
LG