Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Orsýete partnýor diýip bolmaýar"


Moskwadaky türkmen ilçihanasy
Moskwadaky türkmen ilçihanasy

«Türkmenistan Orsýeti özüniň strategiki partnýory hasaplaýar, emma Ýewraziýa ykdysady bileleşigine goşulmak meselesine seretmeýär» diýip, RIA Nowosti Türkmenistanyň Orsýet Federasiýasyndaky ilçisi Berdimyrat Rejebowyň sözlerine salgylanyp ýazýar.

Habarda aýdylmagyna görä, türkmen ilçisi a prezident Berdimuhamedow golaýda daşary ýurtlarda işleýän türkmen ilçileri bilen duşuşyp, Türkmenistanyň Orsýet bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady diýipdir.

Biz bu habar barada Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedik.

Berdimyrat Rejebow «Orsýet, Gazagystan we Belarus tarapyndan döredilýän Ýewraziýa ykdysady bileleşigine Türkmenistan nähili garaýar?» diýen soraga jogap berip, resmi Aşgabadyň bitaraplyk syýasatynda ugur alyp, ozaly ikitaraplaýyn gatnaşyklara bil baglaýandygyny aýdypdyr.

Azatlyk Radiosy bu mesele barada ykdysatçy, Şwesiýada ýaşaýan türkmen oppozisioneri Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:39 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG