Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Metro heläkçiliginde 20 adam öldi


Wakada ýüzlerçe adam ýaralandy.

Wakada ýüzlerçe adam ýaralandy.

Moskwanyň metro stansiýalarynyň birinde otlynyň relsden çykmagy netijesinde azyndan 20 adam öldi, ýüzlerçesi hem ýaralandy. Şikes alanlaryň aglabasynyň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi liniýadaky elektrik togunyň kuwwatynyň üýtgemesiniň otlynyň birden saklanmagyna sebäp bolandygyny aýdýar.

Bu hadysa metronyň gök liniýasynda, "Park Pobedy" bilen "Slawýanskiý bulwar" stansiýalarynyň aralygynda 15-nji iýulda irden, adamlaryň işe howlugyp barýan wagty boldy.

Otlynyň sürüjisi bu ýol hadysasynda heläk boldy.

Ewakuasiýada dikuçarlar hem ulanyldy

Ewakuasiýada dikuçarlar hem ulanyldy

Ýaralanan adamlary wakanyň bolan ýerinden ewakuasiýa etmek üçin ýörite dikuçarlar ulanyldy. Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň Moskwa boýunça wekili Ýuriý Akimowyň telewideniýede beren maglumatyna görä, 200 töweregi adam heläkçilik bolan ýerden ewakuasiýa edilipdir.

Käbir maglumatlara görä, bir adam entegem agdarylan otlynyň aşagynda galýar. "Park Pobedy" Moskwanyň iň çuň metrolarynyň biri bolup, onuň çuňlugy 84 metre deňdir. Bu hem öz gezeginde halas edijileriň işini çylşyrymlaşdyrýar.

Häkimiýetler wakanyň terror hüjümi bilen ilteşiginiň ýokdugyny, ähli delilleriň muňa tehniki bökdençlikleriň sebäp bolandygyny görkezýändigini aýdýarlar.

Russiýanyň Derňew komitetiniň metbugat wekili Sergeý Markin heläkçilige getiren hadysa transport kadalarynyň berjaý edilmezliginiň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigi dogrusynda derňew işiniň başladylandygyny habar berdi.

Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew sişenbe güni geçirilen hökümet maslahatynyň dowamynda bu waka bilen bagly şeýle diýdi: “Moskwada pajygaly waka bolup geçdi. Metroda heläkçilik boldy, adamlar öldi, ýüzlerçesi keselahana ýerleşdirildi. Bu ýerde ýygnananlaryň ählisiniň, şeýle-de tutuş rus hökümetiniň adyndan ölenleriň ýakynlaryna gynanjymy bildirýärin. Gürrüňsiz bu uly hadysanyň netijeleri dogrusynda Moskwa hemaýat etmeli bolar”

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin bu waka nähilidir bir görnüşde dahyly bolan adamlara “iň berk çäreleri” görjekdigi bilen haýbat atdy.

Russiýanyň prezidentiniň sözçüsi Dmitriý Peskow häzir Braziliýa sapar edýän Wladimir Putiniň heläkçilikli wakadan habarly edilendigini aýtdy.

Moskwanyň metro ulgamy günde 9 milliona golaý ýolagçyny gatnadýar.

XS
SM
MD
LG