Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Günäden sakla özüňi..."


Şiraly Nurmyrat
Şiraly Nurmyrat

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

Suw akytma eli ganly myhmana,
Tirsegniň teýine ýassyk oklama.
Ony görýän bolsaň ilkinji gezek
Irden turup, ýiten zadyň ýoklama.

Taňrydan gör, pelek oýny hasapla –
Jinnek deý günäden özüňi sakla.
Düşünmedik bolsaň öz ýalňyşyňa,
Köçä çyk, papagňam öňüňe okla.

Zat ýok ýitirmäge namysdan gymmat,
Şondan kiçi ýitgiň tutma ahyny.
Bu ömürde göre-bile ters ýöräp,
Döş gaýşardyp gezip bolmaz ahyry!

Binamyslyk çem gelene mahsus däl,
Hemme kişä başardybam duranok.
Günde birni ýylan bolup çakmasa,
Bäş günlük ömürde many görnenok.

Ile öwüt bermek – itiň aňsady,
Metjidiň gapysam elmydam açyk.
Kim bu ýere gelýä Hudaýy gözläp,
Kim gelýä ýerdäki "hudaýdan" gaçyp.

Gan sarkyp durmagy tüýlek goşardan
Hökmanam däl, oýlanmaga ýeterlik.
Ýogsa-da sen güwläp gaýdarsyň aşak,
Arzuwyňam uçar göge göterlip.

Ýakaňdan ebşitläp tutaýsyn durmuş,
Her kim bolsun, eline suw akytma.
Onam başarmasaň, ykbaly öňe
Itekläbem, çekeläbem äkitme…

11.07.2006 ý.

XS
SM
MD
LG