Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Gaza duýduryş berýär


Ysraýylyň armiýasy öz howa zarbalaryny dowam etdirýän mahaly, ýaşaýan öýlerini ewakuasiýa etmekleri üçin Gaza zolagyndaky 100 müň çemesi palestinalyla duýduryş berdi.

Gaza şäheriniň günorta-gündogaryndaky Zeýtun sebitinde ýaşaýjylaryň öýlerini terk etmegi barada duýduryş berýän kagyzlar uçar arkaly howadan zyňyldy. Şol bir wagtyň özünde gürrüňi gidýän sebitiň we beýleki territoriýalaryň ýaşaýjylarynyň mobil telefonlaryna öz ýaşaýan ýerlerini ewakuasiýa etmekleri barada çagyryş edýän ses ýazgylary we sms hatlary gelip gowşupdyr.

Gürrüňi gidýän kagyzlarda ýaşaýjylara nobatdaky bildirişe çenli öz öýlerine dolanmazlyk barada duýduryş berilýär. Bu duýduryşlar Gaza zolagyndaky söweşijiler tarapynda atylýan raketalary ýok etmek maksady bilen Ysraýylyň alyp barýan gorag operasiýalarynyň dokuzynjy gününde amala aşdy.

15-nji iýulda ýaraşyk baglaşmak barada Müsüriň eden teklibini “Hamas” toparynyň ret etmegi netijesinde ok atyşygy bes etmek hakdaky umytlar puja çykanyndan soň, Ysraýyl howa hüjümleri gaýtadan amala aşyrýar.

Ysraýyl bilen Gaza zolagynyň arasynda dowam edýän hüjümlerde takmynan 200 palestinaly we bir ysraýylly heläk boldy.

XS
SM
MD
LG