Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hüjümlerde 50 adam öldi


Pakistanyň tire-taýpalar regionynda ýurduň uruş uçarlary we Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlary tarapyndan amala aşyrylan hüjümlerde azyndan 50 adam öldürildi.

Pakistanyň harby uçarlary 16-njy iýulda Demirgazyk Waziristanyň Şawal jülgesindäki nyşana alan ýerlerine hüjüm etdiler. Bu territoriýa Pakistanyň Owganystan bilen serhedinde ýerleşýär.

Pakistanyň harby resmileri gürrüňi gidýän jülgedäki söweşijileriň buky ýerlerine amala aşyrylan hüjümlerde söweşiji diýlip güman edilýän takmynan 35 adamyň öldürilendigini öňe sürdüler.

Şeýle-de, harbylar hüjümler döwründe “Pakistanyň Talyban” hereketiniň agzalarynyň, şol sanda etniki özbek, çeçen we arap söweşijileriň Şawal jülgesinde bolandygyny bellediler.

16-njy iýulda irden Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň Demirgazyk Waziristanyň Zoý Saidgal sebitindäki söweşijileriň birikmesini nyşana almagy netijesinde hem azyndan 15 adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG