Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MA ýurtlary we Ýaponiýa konferensiýa geçirýär


“Merkezi Aziýa goşmak Ýaponiýa dialogy” ady bilen tanalýan konferensiýa gatnaşmak üçin Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň daşary işler ministrleri Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkege bardylar.

Bu konferensiýada gürrüňi gidýän alty ýurduň arasyndaky medeni, bilim, söwda we intellektual ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklar ara alnyp maslahatlaşylýar.

Maslahatyň öňýanynda ýaýradylan maglumata görä, şu ýyl Ýaponiýa Gyrgyzystany 118 million amerikan dollary möçberindäki maliýe kömegi bilen üpjün eder.

“Merkezi Aziýa goşmak Ýaponiýa dialogy” Ýaponiýa bilen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky syýasy inisiatiwadyr. Türkmenistan bu maslahata synçy hökmünde gatnaşýar.

Bu inisiatiwa resmi taýdan 2004-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystanyň Astana şäherinde başladylypdy.

XS
SM
MD
LG