Sepleriň elýeterliligi

Assad prezidentlige kasam etdi


Siriýada Başar al-Assad geçen aý geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soň, ýedi ýyllyk möhlet bilen üçünji gezek prezidentlige kasam etdi. Bu saýlawlar ýurduň oppozisiýasy we onuň Günbatar ýaranlary tarapyndan ret edilipdi.

Prezidentlik wezipesine kasam ediş dabarasy 16-njy iýulda Damaskda boldy.

Siriýanyň resmi saýlaw netijelerine görä, geçen aý geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Assad sesleriň 88,7%-ni alyp ýeňiş gazandy. Ýöne ses berlişikler çaknyşyklaryň dowam edýän territoriýalarynda ýa-da yslamçy söweşijiler ýa oppozisiýa güýçleri tarapyndan kontrollyk edilýän sebitlerde geçirilmedi.

Siriýada dört ýyl bäri dowam edýän raýat urşunda 170 müňden gowrak adam heläk boldy we ýurduň ilatynyň üçden bir bölegi öýlerini terk edip, başga ýerlere göçdi.

XS
SM
MD
LG