Sepleriň elýeterliligi

ÝB Moskwa sanksiýalaryny güýçlendirýär


Ukrain prezidenti Petro Poroşenko Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso (Ç) we Ýewropa geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuy (S) bilen, Brýussel, 27-nji uýun, 2014.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso (Ç) we Ýewropa geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuy (S) bilen, Brýussel, 27-nji uýun, 2014.

Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary, Moskwanyň Ukrainadaky hereketlerine jogap hökmünde, Orsýetdäki täze proýektlere iki sany köp ugurly karz berijiniň pul bermeginiň öňüni beklemek we beýleki sanksiýalaryň gerimini giňeltmek tagallasyny eder.

«Roýter» habarlar gullugynyň gören taslama beýanatyna görä, ÝB-niň ýolbaşçylary 16-njy iýulda Brýusselde duşuşyp, Ýewropanyň Inwestisiýa bankyndan Orsýetiň jemgyýetçilik pudagyndaky täze proýektleri maliýeleşdirmegi togtatmagy haýyş eder.

Şeýle-de ol beýanatda ÝB ýurtlarynyň Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky tarapyndan Orsýetdäki täze proýektleriň maliýeleşdirilmegini togtamak boýunça bilelikde işlejegi aýdylýar.

Taslama beýanatda bileleşigiň Ukrainanyň özygtýarlylygynyň aşagyny köwýän kompaniýalaryň we beýleki guramalaryň emläklerini doňdurmagyň gerimini giňeltjegi aýdylýar.

Emma soňky görnüşi kabul edilýänçä, bu taslamanyň mazmunynyň üýtgemegi hem mümkin.

Waşigtonyň lapykeçligi

ABŞ-nyň, ÝB-niň resmileri 15-nji iýulda Waşingtonyň, Ýewropa Bileleşiginiň Moskwa garşy berkräk çäre görmezliginden lapykeç bolup, Orsýete garşy birtaraply sanksiýalary girizmegiň pikirini edýändigini aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, Ak tamyň 15-nji iýulda çap eden beýanatynda Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden ukrain prezidenti Petro Poroşenka, konflikti ýitileşdirmegi dowam etdirmeginiň bahalaryny Orsýetiň öz boýnuna atmak üçin, Waşingtonyň Ýewropa liderleri bilen gürleşýändigini aýtdy diýilýär.

Ak tamyň metbugat sekretary Joş Irnest (Josh Earnest) sişenbe güni Waşingtonda guralan metbugat ýygnagynda şeýle diýdi:

"Bizi esasy ynjalykdan gaçyrýan zat bu bolýan zatlaryň ählisiniň Ukraina uzagyndan ýetirjek täsiri bolup durýar. Ahyr netijede biz Ukrainanyň durnukly, parahat, demokratik ýurt bolanyny görmek isleýäris. Onsoň Orsýet Ukraina näçe kän durnuksyzlaşdyryjy täsir etse, bu olaryň syýasy we ykdysady taýdan berkemegini kynlaşdyrar. Bu näçe uzak dowam etse, bize Ukrainany durnukly ýagdaýa getirmek, hem syýasy, hem ykdysady taýdan ýola salmak, şeýle ýagdaýda görmek şonça-da kyn bolar."

"Seperatistler gepleşmeýär"

Şeýle-de Ak Tam Poroşenko Baýdene Ukrainanyň ÝHHG-nyň ýardam etmeginde separatistleriň, Orsýetiň we Ukrainanyň duşuşygyny gurnamaga synanyşandygyny, emma separatistleriň muňa gatnaşmakdan ýüz öwrendigini gürrüň berdi diýdi.

Ak tamyň başga bir beýanatynda bolsa, prezident Barak Obama bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň 15-nji iýulda telefonda gürleşip, Ýewropa Bileleşigi bilen Birleşen Ştatlaryň sanksiýalar meselesinde utgaşykly işleşmegini karar edendigi aýdylýar.

15-nji iýulda gündogar Ukrainada, aýdylmagyna görä, ýaşaýyş jaýy partlama esasynda weýran bolanda, azyndan 11 adam öldi.

Esger ýitgileri

Kiýew resmileri orsýetçi separatistleriň Donetsk regionyndaky Snizhne serhet şäherindäki jaýyň ukrain howa zarbasyndan ýykylandygy baradaky beýanatlaryny ret etdiler.

Ukrain harbylary 15-nji iýulda gündogarda dowam edýän üç aýlyk kampaniýada özleriniň 258 esgeriniň öldürilendigini, 900-den gowragynyň bolsa ýaralanandygyny, 45-siniň ýesir alnandygyny aýtdylar.

Ukrain goşunlary soňky iki hepdede gundogar Ukrianada separatistleriň kontrollugynda saklanýan ýerleriň ýarsyny azaltdylar, olaryň köpüsi regionyň paýtagtlary bolan Luhansk we Donetsk şäherlerinden gaçyp gitdi.

XS
SM
MD
LG