Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB täze sanksiýalary planlaşdyrýar


Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Moskwanyň Ukrainadaky hereketlerine jogap hökmünde köptaraplaýyn iki karz beriji arkaly Russiýadaky täze proýektleri bloklamagyň we beýleki sanksiýalaryň gerimini giňeltmegiň üstünde işlärler.

“Reuters” habar gullugy tarapyndan görlen taslama beýanata görä, 16-njy iýulda Brýusselde duşuşýan Ýewropa Bileleşginiň liderleri Ýewropanyň Maliýe bankyndan Russiýanyň jemgyýetçilik pudagyny maliýeleşdirýän täze proýektleri soňa goýmagy sorarlar.

Gürrüňi gidýän beýanatda Ýewropanyň Rekonstruksiýa we ösüş bankynyň üsti bilen Russiýada täze proýektleri maliýeleşdirmegi soňa goýmagyň üstünde Ýewropa Bileleşigine degişli ýurtlaryň bilelikde işlejekdigi bellenilýär.

Şeýle-de, bu taslama beýanatda Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň özygtyýarlylygyny gowşadýan kompaniýalary we beýleki guramalary nyşana almak üçin bank hasaplaryny doňdurmagyň gerimini giňelder diýilýär.

XS
SM
MD
LG