Sepleriň elýeterliligi

"Dialog bar-da, edilýän anyk iş ýok"


Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklary

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklary

EUCAM, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça monitoriň, gözegçilik merkezi Merkezi Aziýada ählumumy adam hukuklaryndan sowa geçilýändigini aýdýar.

«Merkezi Aziýa, belki-de, dünýäde iň bir awtoritar regiondyr» diýip, gözegçilik guramasynyň täze çap eden synynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu synda aýdylýan zatlar barada EUCAM-yň programma menejeri Tika Tsertswadze bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz öz gelen netijeleriňizde Merkezi Aziýada ählumumy adam hukuklaryndan sowa geçilýäne çalym edýändigini öňe sürýärsiňiz. Bu pikiriňizi biraz anyklaşdyryp bilmezmisiňiz?

Tika Tsertswadze: Merkezi Aziýa adam hukuklarynyň iň bir köp bozulýan regionlarynyň biri bolup durýar. Mysal üçin, eger siz Azatlyk öýi guramasynyň «Geçişdäki döwletler -2014» hasabatynda berilýän bahalara syn etseňiz, bu ýerdäki bäş ýurduň dördüsi berkişen awtoritar režimli döwletler, iki ýurt -Türkmenistan bilen Özbegistan bolsa, iň bir totalitar režimler atlandyrylyp, gaýta-gaýta «ýamanyň ýamany» diýen derejäni alýar.

Tika Tsertswadze

Tika Tsertswadze

Eger soňky ýedi, on ýyldaky ýagdaýa syn etsek, biz Merkezi Aziýada adam hukuklary meselesinde kän bir gowulaşma görmeýäris. Ýogsa bu region bilen ýygjam aragatnaşyk hem saklanýar, syýasy dialog hem alnyp barylýar. Bu sebit bilen adam hukuklary gepleşikleri hem alnyp barylýar.

Emma hakykatda ol ýerde hiç bir anyk ilerleme görünmeýär. Hawa, ol ýerde hakykatdanam diskussiýa, gürrüň edilýär, aragatnaşykda bolmak syýasaty ýöredilýär, emma şu wagta çenli sebitde esasy adam hukuklary meselesinde anyk ilerleme ýok.

Azatlyk Radiosy: Bilnişi ýaly, ÝB Türkmenistan bilen hem ýygjam aragatnaşyk saklamaga çalyşýar. Bu syýasat dialogda, aragatnaşykda bolmagyň has bähbitli boljagy bilen düşündirilýär. Eýsem bu dialog Türkmenistandaky ýagdaýa täsir ýetirmeýärmi?

Tika Tsertswadze: Türkmenistan bilen alnyp barylýan ýokary derejeli syýasy dialog, beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, biraz intensiwleşdi diýip bileris. Emma, siziň bilşiňiz ýaly, anyk näçe möçberdedigi belli bolmasa-da, Türkmenistanyň uly gaz resurslary bar. Onsoň, gaz ýollaryny diwersifikasiýa etmek we Orsýete garaşlylygyny azaltmak nukdaý nazaryndan, ÝB-niň Türkmenistan bilen gatnaşyk saklamakda strategiki bähbitleri bar.

ÝB, Belarus ýaly, Türkmenistana çalymdaş başga ýurtlar bilen hem iş salyşýar we Belarus babatda sanksiýalary ulanýar. Emma biz Türkmenistan babatda muňa meňzeş çemeleşmäni görmeýäris. Ýagny bu ýurdy doly izolirlemezlik, käbir gapylary açyk saklamak syýasaty has ileri tutulýar. Emma biz bu syýasatdan nähilidir bir netije çykanyny görmeýäris.

Eger bu ýerde diňe energiýa bähbitleri yzarlanýan bolsa, onda bu şeýle diýmeli, ýagny Türkmenistany demokratiýalaşdyrmak barada hiç bir mesele ýok diýmeli. "

Käbir gapylar açyk, emma ol ýerde, ýurt içinde käbir pozitiw üýtgeşmeler bolmaly. Gowulaşmadan geçen, ýagdaý ýaramazlaşmaga ýykgyn edýär. Biz bu ýerde diňe adam hukuklary barada syýasy derejede gürrüň edilýändigini görýäris, şol bir wagtda ol gürrüňler boýunça hiç iş edilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Eger rekomendasiýa, maslahat bermeli bolsa näme aýdardyňyz? ÝB Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulaşmagy üçin näme etmeli ýa-da näme edip biler?

Tika Tsertswadze: Bu örän kyn sorag. Meniň pikirimçe, Türkmenistan bilen aragatnaşyk saklanmaly, emma bu gatnaşykdan yzarlanýan maksady açyk we anyk aýtmaly. Ýagny bu ýerde Türkmenistany demokratiýalaşdyrmak maksat edinilýärmi ýa-da diňe energiýa bähbitleri yzarlanýar?

Eger bu ýerde diňe energiýa bähbitleri yzarlanýan bolsa, onda bu şeýle diýmeli, ýagny Türkmenistany demokratiýalaşdyrmak barada hiç bir mesele ýok diýmeli.

Emma ÝB näme? Ol öz daşary syýasatynda çydamlylyk, demokratiýa, adam hukuklary ýaly gymmatlyklary öňe sürýär. Bu ýagdaýda ÝB Türkmenistan bilen dialogda has pragmatiki bolmaly, gapylary açyk saklamaly. Ýöne ÝB gowşak pozisiýada bolmaly däl, energiýa bähbitleri bolsa-da, güýçli pozisiýada bolmaly.

Biziň çap eden synymyzda Türkmenistandan adamlaryň hatda saglygyna seretdirmek üçin hem daşary ýurtlara goýberilmeýän halatlary mysal getirilýär. Onsoň bu ýurtda bilim sistemasyny, saglygy saklaýyşy kämilleşdirmek, adamlaryň hereket azatlygyny çäklendirmezlik ýaly talaplary goýmaly. Ýogsam bu ýurtda has çynlakaý problemalar hem bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG