Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Meniň kitaphana kösençliklerim


Mekezi döwlet kitaphanasy. Aşgabat.

Mekezi döwlet kitaphanasy. Aşgabat.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň kitaphanasyna (mundan beýläk – ylmy kitaphana) soňky gezek ýarym ýyl mundan öň, Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet milli kitaphanasyna (mundan beýläk – milli kitaphana) barmagam, girmegem kyn bolansoň barypdym. Bu kitaphananyň milli kitaphanadan ýekeje utuşly tarapy bar – ol şäheriň ortasynda ýerleşýär.

Milli kitaphana bolsa, şäheriň ortasynda ýerleşen negözel jaýyndan mahrum edilip, elbetde, gowy jaýa, emma okyjy barardan has daşa zyňlypdy. Milli kitaphana şeýle urgudan entegem aýňalyp bilenok.

Bir makalanyň gözlegi

Men kitaphanadan Bäherdeniň «Uçgun» atly gazetiniň Perestroýka döwründe çykan näbelli bir sanyny gözlemekçidim. Gazetiň şol sanynda, aýdylyşyna görä, Näz urşy barada makala ýerleşdirilen bolmalydy.

Bamy obasynyň otuz kilometrlik demirgazygynda Näzdepe diýen depe bar. Açyk howada şol depe Bamy obasyndan mese-mälim görünýär.

1862-nji ýylda şol depäniň eteginde ýerleşen adybir obany gyzylbaşlar gabaýarlar. Uruş bolýar. Gyrlan gyrylýar, gyrylmadyk ýesirlige sürülýär. Nurberdi hanyň ýolbaşçylygynda gelen goşun gijä galýar. Onsoň goşun ýüküni ýazdyrman, ýagyň yzyny alyp, Eýrana geçýär.

Ylmy kitaphananyň kartotekasyndan adaty okyjyň baş alyp çykmajagyna belet bolamsoň, kartotekalar zalynda işleýän gelinden kömek soradym. Kartoteka welin, çaklaşymdanam bulaşyk çykdy – gelin maňa gazetleriň saklanýan ýerzeminine barmagy maslahat berdi.

Ýerzemindäki gazetler

Ýerzeminiň içi düýrlenip daňylan gazet toplaryndan doly eken. Münder-münder edilip basylan gazet toplarynyň içinden haýsy gazetiň nireden gözlenilmelidigem näbellidi.

Gözleýän gazetimi «gazet dagynyň» aşaky gatlaklaryndan gözlemeli boljagymy aýdansoňlar, ýitigimi milli kitaphanadan gözlemegiň has amatlyrak boljagyna göz ýetirdim. Maşynymy goýmaga ýer tapmagyňam bir alajy bolarda…

Şo-da bir kösençlik – goýan ýeriňden kowup durlar. Ýogsa, kitaphana bilen köçäniň arasynda ýörite bejerilen 100-e ýakyn maşyn sygjak awtoduralga-da bar. Bu bir hökmany bolaýmaly zat, emma şol awtoduralganyň girelgesi bilen çykalgasy gelşikli ýasalan tumbalar bilen beklenipdir. Köçäniň ugrunda bolsa, degişli köçe belgileri bolmasa-da, maşyn goýmak gadagan – protokol köçesi – düşbije bolmaly.

"Maşynyňyzy aýryň"

Bardym. Ine saňa progres: tumbalar ýok, ýol açyk, maşynyňy, hil bir adam ýaly, awtoduralgada goýup, ruhubelentlik bilen dabaraly girelgeden giribermeli. Şeýle-de etdim, emma girip ýetişmedim. Ýaňy bir iň soňky basgançaga basyp, petekämi gaýşartdym welin:

- Maşynyňyzy aýryň – diýen ses maňa meniň nirede ýaşaýanymy kesgitli ýatlatdy. Ýaňam-a gara görnenokdy… Öwrüldim. Eli sübseli aýal maňa tarap gazaply seredýär.

- Maşyny nirede goýsa bolýar?

- Jaýyň syrtynda goýmaly, şol ýerdenem girmeli.

Düşnükli. Syrtyndan girmeli; döwlet edaralarynyň girip bolunýanynyň hemmesiniň diýen ýaly syrtyndan girmeli. Bu Nyýazowyň özbaşdaklyga daýanyp, durmuşymyza ornaşdyran medeniýeti.

Alaç ýok. Aýlanyp, jaý kompleksiniň syrtyndaky awtoduralga bardym. Şlagbaum ýapyk. Iki sany adam budkaň içinde otyr. Kesekilere maşynlaryny awtoduralgada goýmak gadagan eken.

- Onda nirede goýmaly ahyryn?

- Şu köçäň ugrunda goýaýyň.

- Hernä, protokol köçesi däldir-dä?! – Bu janyýananyň ysgynsyzja degşişmesidi. Çynlary bilen düşündirdiler: däl eken.

Birki ýüz metrden ýolbarslaryň äpet heýkelleriniň arasyndan geçip, kitaphana girdim. «Akyldarlaryň heýkelleri goýlan bolsa has ýerlikli bolardy. Kitaphana ahyryn…» - Bu meniň oýlanmam. Şul oýlanmam her gelemde gaýtalanýar. Ýogsa, kitaphananyň foesinde Nyýazowyň öz çykaran teňňesindäki barelefem bar-la…

"Güler ýüz bilen garşylaýarlar"

Milli kitaphanada okyjylary güler ýüz bilen garşylaýarlar. Kartotekada-da ýeke goýmaýarlar – kömekleşýärler.

Gözleýän gazetim garaşyzlyga çykylandan soň ýapylan eken. Onuň soňky bäş ýylynyň podşiwkalaryny aldym. Gazet sanlaryny gözden geçirdim, olardaky meni gyzyklandyran makalalary okadym.

Gözleýän makalamy welin tapmadym, emma sarp eden wagtyma gynanmadym: hakyky galkynyş döwrüniň raýon gazetiniňem çeperçilik derejesiniň, many-mazmunynyň, gozgaýan meselesiniň diktatura döwrüniň hemme gazetleriniňkiden ýokarydygyna, özüniňem … adam üçinem, jemgyýet üçinem, döwlet üçinem zyýansyz hem howpsuzdygyna ýene bir gezek göz ýetirdim.

Elbetde, çylşyrymly bolmadyk şu hakykata hökümdarlaryň göz ýetirmegi ýurt üçin has peýdaly bolardy.

Üç-dört aýlykda ýene-de milli kitaphana baryp, taryha hem-de ylmy-tehniki özgerişliklere degişli käbir maglumatlary gözledim. Emma suwytly tapan zadym bolmady – kitaphana maglumatlar boýunça-da, hyzmatlar boýunça-da geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň derejesinden özgermedige meňzeýär.

Nurberdi Nurmämmet, blogda öňe sürlen pikirler awtora degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG