Sepleriň elýeterliligi

Assanj baradaky buýruk güýjünde galýar


Şwesiýanyň sudy WikiLeaksi esaslandyryjy Julian Assanjy tussag etmek baradaky orderi güýjünde galdyrdy. Ol seksual hüjüm etmekde aýyplanýar.

43 ýaşyndaky Assanj iki ýyldan gowrak wagt bäri Londonda, tussag edilmezlik we Şwesiýa ekstradisiýa edilmezlik üçin, Ekwadoryň ilçihanasyndan çykman ýaşaýar.

Assanj Şwesiýanyň özüni Birleşen Ştatlara ekstradisiýa etmeginden howatyr edýändigini aýdýar. WikiLeaks hökümetiň ýüzlerçe müň gizlin dokumentini paş edip, amerikan resmileriniň gaharyny getirdi.

Şwesiýa Assanjy aýal zorlamak we seksual hüjüm aýyplamasynda tussag etmek baradaky hökümini 2010-njy ýylda çykardy. Ol bu aýyplamalary ret edýär.

Assanjyň aklawçysy onuň suduň höküminden şikaýat etjegini aýdýar. Eger Şwesiýa Assanja garşy işi ýapsa hem, oňa tussaglyk garaşýar. Sebäbi Britaniýa ony girew şertlerini bozup, Ekwador ilçihanasyna gaçyp atmakda aýyplaýar.

Iňlis polisiýasy ol şol ýere gireli bäri, ilçihananyň daş işigini garawullap, daş çykaryna garaşyp dur.

XS
SM
MD
LG