Sepleriň elýeterliligi

Kabul aeroportyna hüjüm edildi


Owganystanyň Kabuldaky halkara aeroportuna edilen hüjümde dört «talyban» söweşijisi öldürildi.

17-nji iýulda aeroportuň golaýynda partlamalar, atyşyk sesleri eşidildi hem-de graždan ilat we harbylar tarapyndan ulanylýan binanyň ýokarsyna gara tüsse göterildi.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi pitneçileriň aeroportuň gurluşyk gidýän böleginde ornaşyp, şol ýerden awtomat we granatamýot oklaryny atandyklaryny aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Sedik Sedikki dört «talyban» pitneçsiniň öldürilendigini, emma graždan adamlardan we polisiýadan pida bolanlaryň ýokdugyny aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG