Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl, Hamaz Gazada ýaraşyga razy


Ysraýyl, dokuz güne çeken atyşykdan we 200-den gowrak palestinaly bilen bir ysraýylly öldürilenden soň, Gazada bäş sagatlyk ynsanperwer ýaraşyga eýerjegini aýdýar.

Ysraýyl harbylary 16-njy iýuldaky beýanatlarynda ýaraşyk, 17-nji iýulda, ýerli wagt bilen sagat 10-dan 15-e çenli bolar diýdiler. Hamaz hem beýanatynda ýaraşyga razydygyny aýtdy.

Bu ýaraşyk BMG-niň «birtaraply ynsanperwer pauza» talaby esasynda yglan edildi. Palestin resmileri 16-njy iýulda ysraýyl toplary Gaza şäheriniň golaýyndaky kenarda dört çagany öldürdi diýdiler.

Prezident Barak Obama Waşingtonda 16-njy iýulda Birleşen Ştatlar zorlugy soňlamak we atyşygy bes etmek üçin özünde bar bolan ähli diplomatiki serişdeleri ulanar diýdi.

XS
SM
MD
LG