Sepleriň elýeterliligi

'Eýran gepleşiklerinde boşluklar bar'


Prezident Barak Obama 16-njy iýulda Eýranyň ýadro gepleşiklerinde entek saldamly aratapawutlaryň saklanyp galýandygyny we köp iş edilmelidigini aýtdy.

Obama Waşingtonda çykyp gürläp, 20-nji iýuldaky soňky möhletden soň gepleşikleri uzaltmalymy ýa däl diýen meselede Kongres we ýaranlar bilen maslahat etjegini aýtdy.

Bu gepleşikler, deregine Tährana garşy girizilen sanksiýalary soňlap, Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamagy maksat edinýär.

Obama Eýran geçen alty aý boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirdi we birnäçe ugur babatda hakyky progres gazanyldy, bu öňe tarap ynamly ädim diýdi.

XS
SM
MD
LG