Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, ÝB täze sanksiýalary girizýär


Birleşen Ştatlar we ÝB 16-njy iýulda, Waşingtonyň birinji gezek Orsýetiň bank, harby we energiýa pudaklaryny göni nyşana almagy bilen, Orsýete Ukraina sebäpli girizilen sanksiýalary mazaly güýçlendirdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Orsýetiň gündogar Ukrainadaky zorluklaryň möwjemegini togtatmakda anyk çäre görmändigini aýdyp, täze sanksiýalary yglan etdi.

Obama bu täze hereketler Orsýetiň sebitdäki agressiýasynyň jogapsyz galmaýandygyny, ýagny özüne görä netijeleriniň bolandygyny görkezdi diýdi.

Birleşen Ştatlaryň Gazna departamenti nyşana alnan kärhanlaryň döwlet eýeçiligindäki nebit kompaniýasy bolan Rosnefti, döwlet eýeçiligindäki Wneşekonombanky, tebigy gaz öndürýän Nowatek kärhanasyny, Gazpromuň maliýe şahamçasy bolan Gazprombanky öz içine alýandygyny aýtdy.

Ýene bäş orsýetlä, şol sanda prezident Wladimir Putiniň kömekçisiniň garşysyna sanksiýa girizildi.

XS
SM
MD
LG