Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaga dünýäsiniň şekili


Okuwçylar
Okuwçylar

Çagalaryň hem ýaşlaryň öz ruhy dünýäsi bar. Şol dünýä laýyk hem edebiýat döräpdir.

Dünýäde ulular edebiýatyny okamaýan ýa-da bilmeýän adam köpdür. Ýöne çagalar edebiýatynyň lezzetini datmadyk, onuň täsirini ýüregine siňdirmedik ynsan ýok bolsa gerek. Ynsanyň ruhy dünýäsi şol edebiýat bilen açylýar.

Ol ulular edebiýatyndan tapawutlanýar.

Döreýiş

Çagalar edebiýaty halk döredijiligi we ýazuwly, ýagny awtory bolan edebiýat diýen iki topara bölünýär. Çaga dünýäsine köp halatda ilki halk döredijiligi aralaşýar. Ululara degişli halk döredijiliginden tapawutlylykda, çagalar folklory baý hem köp ugurly. Onda ertekiler, hüwdüler, matallar, tapmaçalar, sanawaçlar, ýaňyltmaçlar ýaly özbaşdak bölümler bar. Olaryň hersi bir aýratyn ugur boýunça çaga kalbyna täsir edýär.

Eger ululara degişli halk döredijiligini söze çeper belli-belli adamlar, akynlar, aýdymçy-bagşylar döredýän bolsa, çagalar edebiýatyny tutuş halk döredýär. Her ene öz çagasy üçin bir hüwdi düzýär. Atalar öz agtyklaryna başgaçarak ertekini ýa-da täsin tapmaça aýdyp berýär.

Çagalar edebiýatynyň beýleki bir aýratynlygy, onuň çeperçilik derejesi bilen baglanyşykly. Söz ussatlarynyň aýtmagyna görä, Çagalar edebiýaty hökmany suratda düşnükli hem çeper bolmaly. Ol ýerde sözler gysgaldylmaýar, bogunlar taşlanmaýar. Üstesine-de ol şahyrana şeklide beýan edilýär.

Eseriň şahyrana bolmagy üçin, onuň goşgy bilen ýazylmagy hökman däl, kyssa görnüşinde ýazylanda-da, ol poeziýa eseri derejesinde çeper bolup biler. Başgaça aýdylanda, şahyrana däl eseri çaga kabul etmeýär.

Çaganyň göwnünden turan eser ynsan kalbynda hemişelik ýaşaýar.

Ýadyňyzda bolsa, kosmosda ilkinji uçuş eden Ýuriý Gagarin öz ýanyna Agniýa Bartonyň bir goşgusynyň tekstini alypdy. Dostluk hem dostuňy hiç haçan taşlamazlyk baradaky ol goşgy kosmos gahrymanyna hemra boldy.

Gözellik hem ýeňiş

Çaga kalby gözelligi, dosta wepalylygy hem ýeňşi isleýär. Çagalykda okan ertekileriňizi ýatlasaňyz, olaryň bary gowulyk bilen gutarýandyr. Sebäbi çaga göwni hut şony talap edýär.

Eserde waka her nähili bolsa-da, onuň soňlaýjy bölegi çaga dünýäsiniň arzuw-islegine laýyk gelmeli.

Çaga çeper eseri bir gezek däl, telim gaýtalap okaýar. Sebäbi her gezeginde ol ýerdäki gözelligi, dostlugy hem sahawaty görmek isleýär.

Eseriň soňy gowulyk bilen gutarmasa ol ýa-ha okalmaýar, ýa-da düzedişe sezewar bolýar. Munuň nähili möhümdigini uly söz ussady Korneý Çukowskiý Çagalar edebiýaty baradaky işinde dünýä edebiýatyndan mysal getirip düşündiripdi.

Okyjylar

Çagalar edebiýaty diňe çagalara degişli däl, ony ata-eneler, ulular hem okaýarlar. Çagalar ýazyjysy meseläniň şol tarapyny-da nazara alýar.

Ýeri gelende aýtsak, bu ulular edebiýaty babatynda-da şeýledir. Çaga halasa, ol ulular edebiýatyny-da höwes bilen okaýar. Gowy kitaby hemmeler halaýar.

S. Marşak diňe çagalar üçin ýazypdyr. H.K. Andersen çagalar hem ata-eneler okar ýaly eserler döredipdir. Antuan de Sent-Ekzýuperi bolsa çagalar durmuşyndan, ýöne ulular üçin ýazypdyr. Onuň "Kiçi şazadasyny" çagalara garanda, ulular köpräk okaýar.

Başga bir ýazyjylar bar, özlerini ulularyň ýazyjysy hasaplaýar, olar hatda belli şahslaryň durmuşyny beýan edýärler. Aslynda welin olaryň edebiýatyny diňe çaga okap bilýär. Şeýle-de bolsa, ol özüne "çagalar ýazyjysy" diýdirmeýär.

Gözellige söýgi

Çagalar milletiň iň okumyş bölegi bolansoň, olara degişli neşirler köp tiražda çap edilýär. Bizde geçen asyrda iň köp okalýan gazet "Mydam taýýar" bolupdy.

Kadaly döwletlerde bu edebiýaty çagalara ýetirmek üçin, ençme gurama bar. Olar çagalar ýazyjylaryny hem hudožniklerini özüne birleşdirýär, Çagalar kitaplarynyň ýaýradylmagyna ýardam edýär. Angliýada hatda Beýik Britaniýanyň Milli okaýyş fondy hem bar. Ol iňlisçe National Literacy Trust diýlip atlandyrylýar. Ol çagalaryň kitap okaýyşyna yzygider gözegçilik edip, bu ugurda dürli çäreler geçirýär.

Gynansak-da, bu işler Türkmenistanda tersine boldy. Uzak aladalardan soň, çagalar we ýetginjekler žurnallary çykyp başlapdy. Mart aýynyň ahyrynda Çagalar kitaplarynyň baýramçylygy geçirilerdi. S. Nyýazowyň döwlet başyna gelmegi bilen ol neşirler hem çäreler ýok edildi.

Çagalar edebiýaty – çaga dünýäsiniň şekili. Ol edebiýat näçe baý hem köpdürli bolsa, çaga dünýäsi şonça köp täsinligi kabul edýär.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişlidir.

XS
SM
MD
LG