Sepleriň elýeterliligi

Yrakly kürtler: Ilkibaşda “güýç”, soňra “garaşsyzlyk”


Yragyň awtonom Kürt regionynyň lideri Mesut Barzani.

Yragyň awtonom Kürt regionynyň lideri Mesut Barzani.

Yrakda kürtler öz regional hökümetiniň garaşsyzlygy ugrunda tutanýerli hereket edýärler. Bagdat bolsa ýurduň demirgazygyny eýelän sünni yslamçylaryň soňuna çykmagyň aladasy bilen başagaý.

Ýöne Yragyň goňşulary we dünýäniň täsirli güýçleri ýurduň bütewüliginiň saklanylmagynyň tarapdary. Onda, diýmek, kürtlerem “özbaşdaklyk” üçin ölüp-öçüp barman, olar diňe, pursatdan peýdalanyp, bahana bilen öz ýurduň içindäki territoriýasyny giňeltmegiň we has köp mümkinçiliklere eýe bolmagyň aladasyny edýärler.

Geçen hepdeleriň dowamynda kürtleriň lideri Mesut Barzani metbugatda yzyny üzmän çykyş etdi. Ol öz çykyşlarynda Kürt regional hökümetiniň (KRH) indi “döwlet” bolmak ugrunda hereket etmäge taýýardygyny aýtdy.

Ol geçen aýyň ahyrynda eden çykyşynda Yragyň bütewüliginiň bozulyp başlandygyny we “Yrak we Lewant yslam döwleti” jeňçileriniň Mosula eden hüjümlerinden soň käbir regionlaryň bireýýäm bölünendigini aýtdy.

Barzani bu hepde, has takygy 15-nji iýulda, Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan we ýurduň prezidenti Abdylla Gül bilen aýratynlykda gepleşikler geçirdi. Bu gepleşikleriň barşynda ol özleriniň “özbaşdaklyk referendumyny” geçirmek planlary barada gürrüň edipdir we bu ugurda türklerden goldaw soraýandygyny mälim edipdir. Munuň tersine, Ankara Yrakda bütewüligiň saklanmagynyň tarapdary diýilýär.

Kürtleriň awtonom regionynda “özbaşdaklyk” barada edilýän resmi gürrüňleriň howy gaçyp başlady. Ýogsa, 3-nji iýulda parlament saýlaw komissiýasyny döretmek we saýlawlaryň geçirilmeli wagtyny bellemek boýunça ýörite topar döretmek hem meýilleşdirilipdi.

Kürtleriň ýaşaýan regionynda halk arasynda “özbaşdaklyk statusy” hyjuwly wagyz edilýär. Ýönekeý mysal – kürt aýdymçysy Helly Luwyň kürtleri garaşsyzlyga çagyrýan aýdymyna YouTube-de 2.5 million adam tomaşa edipdir.

Ýöne, muňa garamazdan, synçylar bu ýagdaýy “özbaşdaklyga” meýil däl-de, Bagdatdan has köp mümkinçilik soramaga synanyşyk diýip düşündirýärler. ABŞ-nyň harby güýçleriniň 2011-nji ýylda ýurdy terk etmegi bilen agyr güne duçar bolan premýer-ministr Nury al-Maliki yrakly kürtlerden syýasy we harby kömek soraýar we öz gezeginde kürtleriňem bu pursatdan peýdalanjak bolýandygy aýdylýar.

Global pikirlen, lokal tijen!

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Jamestown” bileleşiginiň synçysy we Al-Monitoryň žurnalisti Wladimir Wan Wilgenburg: “Barzani ‘özbaşdaklyk’ barada gürrüň etse-de, ol, esasan, Yrak hökümetinden kürtleriň awtonom regionynyň çäkleriniň giňeldilmegini soraýar” diýýär. Kürtler ýangyja baý bolan Kerkugy hem öz ellerine almak isleýärler.

Barzani “Kerkukda referendum geçirip, halkyň islegini anyklarys. Eýse, halk awtonom kürtlere goşulmak isleýärmi ýa-da ýok” diýdi. Göz öňünde tutulýan referendum kürtleriň Kerkugy eýelän wagtlaryna, ýagny 11-nji iýuna gabat geldi. Şol döwürlerde YLYD hem demirgazyk Yrakda täsirini artdyrýardy.

http://online.wsj.com/articles/iraqs-kurdish-fighters-seize-kirkuk-bai-hassan-oil-fields-1405083431

Wan Wilgenburgyň aýtmagyna görä, Barzani öz ylalaşyk pozisiýasyny güýçlendirmek üçin iki referendumy hem bir wagtda geçirmegi göz öňünde tutýan ekeni. Wilgenburg bu barada şeýle diýýär: “Meniň pikirimçe, bu referendumlar Yrak hökümetine basyş edip, ony jedelli ýerleri, şol sanda Kerkugy kürtlere bermäge mejbur edýär. Bu referendumlardan “garaşsyzlyk referendumy” ylalaşarlykly çäredir diýip pikir edýärin”.

Kerkukda kürtler, araplar, türkmenler we başga-da birnäçe etniki toparlar ýaşaýarlar.

Aslynda gürrüňi edilýän bu referendumy 2007-nji ýylda Bagdat meýilleşdiripdi. Bu meýle Waşington hem oňat baha beripdi. Sebäbi Yrakdaky territorial jedeller köplenç gandöküşiklige ýol açýar. Muňa garamazdan, bu referendum syýasy ýagdaýlar sebäpli yza süýşürilip gelindi.

Barzaniniň aladasy diňe jedelli territoriýalar däl.

Wan Wilgenburg: “Häzirlikçe kürtleriň esasy maksady referendum. Ýöne munuň entek dowamy hem bar. Kürtler Bagdatdan özleriniň Türkiýä ýangyç eksport etmeklerine rugsat berilmegini soraýarlar” diýýär.

Kerkugy almak we Türkiýä ýangyç eksport etmek bilen kürtler özleriniň diňe ykdysadyýetini güýçlendirmezler, eýse olar bu günki gün özlerine basyş edýän Bagdadyň ykdysady çäklendirmelerinden hem halas bolarlar. Häzirki wagtda Bagdat döwlete ýangyçdan girýän girdejiniň aksiýalarynyň 17 göterimine eýe. Kürtleriň regional hökümeti özleriniň türklere satýan ýangyjyndan gelýän girdejileri Bagdat bilen paýlaşmakdan boýun gaçyrýar.

Özbaşdaklygam öz erkine bolmaýar

Barzaniniň derhal garaşsyzlyk yglan etmekden saklanmagyna dürli ýagdaýlar sebäp bolýar.

Birinji bilen Kürt regional hökümetiniň özbaşdak bolmagy üçin bu hökümeti daşary ýurtlaryň goldamagy zerur.

Halkara jemgyýetçiligi Yragyň bütewüliginiň saklanmagynyň tarapdary. Hususan-da, ”Yrak we Lewant yslam döwleti” atly ekstremist toparyň Yragyň we Siriýanyň çäginde halyfat gurmak niýeti çynyrgansoň, halkara jemgyýetçiligi Yragy bütewülige çagyryp başlady. Dünýäde diňe ýekeje lider kürtleriň garaşsyzlyk statusyny goldajakdygyny aýdyp çykyş etdi. Ol hem Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu.

Kürtleriň regional hökümeti, hususan-da, goňşy Türkiýäniň goldawyna mätäç. Ýöne Ankara-da Yragyň bütewüliginiň tarapdary

Londonyň Ykdysadyýet mekdebiniň regional eksperti Jeýms Ker-Lindseý bu barada şeýle diýýär: “Gelip gowuşýan ähli maglumatlardan çen tutsaň, Ankara Kürdüstana Yrakdan bölünmezligi maslahat berýär. Türk häkimiýetleriniň beräýmeli maslahaty hem şeksiz-şübhesiz hökman şeýle bolaýmalydy”.

Yragyň awtonom Kürt regionynyň lideri Mesut Barzani we Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan.

Yragyň awtonom Kürt regionynyň lideri Mesut Barzani we Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan.

​Türkiýe indi yrakly kürtleriň awtonom regionyny özüne howp hökmünde görenok. Bu ýagdaý ozallar şeýledi. Ankara ozallar kürtleriň regional hökümeti öz serhetlerine täsir edip, ýurduň içindäki kürt azlyklaryny küşgürer diýip alada bildirerdi. Munuň deregine indi Ankara we kürtleriň regional hökümeti soňky on ýyllygyň dowamynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdular. KRH Ankara türk hökümeti bilen PKK-niň arasyndaky gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagynda ýardam berýär.

KRH-niň öz garaşsyzlygyny yglan etmegine päsgel berýän beýleki bir mesele bolsa goňşular bilen parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmaklyk. Doly garaşsyzlygy yglan etmek üçin oňa diňe ýekeje goňşy bilen kadaly gatnaşygy ýola goýmak ýeterlik dä.

Yragyň kürt regiony Türkiýe, Eýran, Yrak we Siriýa bilen araçäkleşýär. Onuň häzriki wagtda dünýä bazaryna çykyp bilmegi Türkiýäniň, Yragyň we Eýranyň käbir böleginiň üstünden amala aşyrylyp bilner. Siriýa bolsa öz içindäki graždanlyk urşy bilen başagaý. Bu ýagdaý ony tranzit aragatnaşygy üçin düýbünden ýaramsyz edýär.

XS
SM
MD
LG