Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boeing: Gara gutujygyň ikinjisi tapyldy


Ýykylan uçaryň bölekleri, Donetsk regiony, 17-nji iýul, 2014.
Ýykylan uçaryň bölekleri, Donetsk regiony, 17-nji iýul, 2014.

Ukrainada Malaýziýanyň uçarynyň gaçan ýerinde bu heläkçiligiň sebäplerini jikme-jik derňemäge ýardam etjek, uçardaky soňky pursatlary ýazga geçiren gara gutujygyň ikinjisi tapyldy.

Ukrainanyň gündogar sebitine gözegçilik edýän ýaragly rusparaz separatistler özleriniň uçaryň birinji gara gutujygyny 17-nji iýulda tapandyklaryny we ony Moskwa ugradandyklaryny mälim etdiler.

“Malaýziýa Howaýollaryna” degişli uçaryň üstündäki 298 adamyň ählisi heläk boldy. Jesetler 10 km giňişlikdäki meýdana ýaýrady.

Orsýetparaz separatistler wakanyň bolan sebitine halkara derňewçileriniň we ukrain resmileriniň goýberiljekdigini wada berdiler.

Emma Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk 18-nji iýulda Kiýewde žurnalistlere beren maglumatynda ukrain resmileriniň wakanyň bolan ýerine heniz hem baryp bilmeýändiklerini mälim etdi.

Şeýle-de separatistleriň gözegçiligindäki sebitden tapylan ikinji gara gutujygyň ykbaly nämälimligine galýar.

Çagyryş

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ukrainanyň günbatarçy prezidenti Petro Poroşenko we Daniýanyň premýer-ministri Mark Rutte (Mark Rutte) bilen eden telefon gürrüňlerinde uçaryň gaçan ýerindäki subutnamalar ýerinden gozagalmaly däl diýdi.

Ak tam Obama Ruttä Birleşen Ştatlaryň "tizden-tiz , doly, ynamdar we päsgelçiliksiz halkara derňewiniň" geçirilmegi üçin "tiz kömek" bermäge taýýardygyny aýtdy diýdi.

Beýanatda Obama bilen Ruttäniň orsýetparaz separatistleriň elindäki territoriýada uçaryň ýykylan ýerine "gyssagly baryp görmäge rugsadyň" zerurlygy barada hem ylalaşandyklary aýdylýar.

Rus prezidenti Wladimir Putin hem derňewiň geçirilmegine çagyrdy.

Emma Awstraliýanyň gazaba münen premýer-ministri Tony Abbott 18-nji iýulda çykyş edip, Russiýanyň bu tragiki wakada Ukrainany aýyplamagyna öz nägileligini bildirip, iş ýüzünde Moskwanyň bu tragediýa bilen baglanyşykly geçirilmeli hakyky derňewlere päsgel bermek isleýändigini aýtdy.

Awstraliýanyň premýer-ministri Russiýanyň reaksiýasyndan nägile
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:40 0:00

Abbott Awstraliýanyň uçaryň üstündäki 28 raýatynyň rusparaz separatistler tarapyndan öldürilene çalym edýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun bu betbagtçylygy doly halkara derejesinde derňemäge çagyrdy, Britaniýa bolsa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde gündogar Ukraindaky krizisiň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin adatdan daşary duşuşyk geçirilmegini isleýär.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko uçaryň gaçmagyny “terroristik akt” diýip atlandyrdy.

Poroşenko: "Terroristler" dünýä haýbat atýar"
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:38 0:00

Kiýewdäki resmiler rusparaz separatistleriň agzalýan ýolagçy uçaryny urup ýykanlaryndan soňra öz aralarynda alyp baran telefon gürrüňdeşligini ýazyp alandyklaryny habar berdiler.

Emma Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Kiýewiň bu beýanatyny inkär etdi. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putindir Ukrainanyň territoriýasynda uruş alyp barýan orsýetparaz separatisler hem uçar heläkçiliginde Ukrainany aýyplaýarlar.

Boeing: Moskwa we Kiýew biri-birini aýyplaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:15 0:00

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň geňeşçisi Anton Geraşenko bu uçar ýer-howa kysymly «Buk» atyş sistemasy bilen urlup ýykyldy diýdi.

Ukrain we rus güýçleriniň ikisinde-de “Buk” diýlip atlandyrylýan «SA-17» zenit-raketa sistemalary bar.

Orsýetparaz separatistler hem golaýda özleriniň “Buk” zenit-raketa sistemalaryna eýe bolandyklaryny mälim edipdiler.

«Malaýziýa Howaýollary» urlup ýykylan uçaryň (Boeing 777) üstünde azyndan 154 gollandiýalynyň, 27 awstraliýalynyň, 23 malaýziýalynyň, 11 indoneziýalynyň, alty britaniýalynyň, dört belgiýalynyň, üç filippinliniň we bir kanadalynyň bolandygyny habar berdi.

Heläk bolanlaryň arasynda entek milleti anyklanmadyk ýene-de 47 ýolagçy bar. Uçaryň ekipažynyň hemmesi malaýziýalylar eken.

XS
SM
MD
LG