Sepleriň elýeterliligi

Palestinaly, ysraýylly 11 esger öldi


Palestina enklawyndan edilýän raketa hüjümlerini ýok etmek üçin Ysraýylyň harbylary Gaza zolagyna ýerden hüjümlerini başladaly bäri, azyndan 11 palestinaly we bir ysraýylly esger öldi.

Ysraýyl harbylary 18-nji iýulda ýaýradan beýanatynda başga-da iki ysraýylly esgeriň ýaralanandygyny aýdýarlar. 17-nji iýulda premýer-ministr Benžamin Netanýahu ýerden hüjümlere başlamaklary üçin Ysraýylyň Goranmak güýçlerine tabşyryk berdi.

Ýurduň armiýasynyň maglumatynda bu operasiýalarda söweşijileriň Ysraýyla gizlin girmek we hüjümleri amala aşyrmak üçin ulanýan tunelleriniň nyşana alynjakdygy aýdylyp, munuň Gaza zolagyndaky yslamçy “Hamas” toparyny agdarmaga gönükdirilmändigi habar berilýär.

“Hamas” topary hüjümleri “akylsyz hereket” diýip atlandyryp, onuň “elhenç netijeleriniň” boljakdygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) telefon arkaly söhbetdeşliginde ýerden amala aşyrjak hüjümlerinde “takyk” bolmagy üçin Ysraýylyň premýer-ministrine çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG